Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba-hojalyk pudagyny ösdürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Pagtaçylyk milli ykdysadyýetimizde uly orun eýeleýän pudaklaryň biridir. Ol obany ösdürmegiň durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmeginde oňaýly şert döredýär. Şuňa baglylykda pagtaçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, gowaçanyň ýokary hasylly sortlaryny döretmek, tohumçylygyny gowulandyrmak, ösdürip ýetişdirilişiniň tehnologiýasyny kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleler ylmy-önümçilik we ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzda pagtany 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde her ýylda 1250 tonna möçberde öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu belent sepgitlere ýetmek üçin pagtaçylygy ylmy esasda ösdürmek, ylmyň, tehnikanyň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak hem-de bu ugurdan ykdysady taýdan has peýdaly ylmy-barlag işlerini geçirmek talap edilýär. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Serdar, Bereket etrap Geňeşleri bilen bilelikde 2022-nji ýylyň gowaça hasylyny tiz wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak maksady bilen, Bereket we Serdar etraplarynyň pagta meýdanynda pagtaçylaryň arasynda «Ezber ýygymçy» ady bilen aýdym-sazly zähmet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde tapawutlanan ýaş ýygymçylara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.