Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Ýolagçy” terminalynda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek we öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak, şeýle-de ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny wagyz etmek maksady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny gurady.
Çykyş edenler ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, ýaş türgenlerimiziň dünýä derejesinde gazanýan üstünlikleri, şeýle-de sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygyň ýokary derejelere çykmagyna ýardam berýändigi dogrusynda bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge, sport bilen giňden meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýperi ATAHALLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.