YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň 2115 harby bölümi bilen bilelikde guramagynda ýaş esgerleriň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerini we beýik ösüşlerini giňden wagyz etmek maksady bilen ‹‹Ynama wepaly ýaşlar›› atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda Watana wepaly, lebzine ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini, edep-terbiýesini has-da kämilleşdirmek babatda uly tagallalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Milli ýörelgeler nesil terbiýesinde uly orny eýeleýär, olarda watançylyk duýgusyny oýarýar.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Matdyýew BAGTYÝAR,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 28 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

18 Noýabr 2024 | 26 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER