Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybir halkymyz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halal zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda edermen pagtaçy daýhanlarymyz ak altynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Hatarlanyşyp pagta ýygýan kombaýnlar, kerwen gurap gelýän ulaglar pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak üçin gyzgalaňly zähmet çekýärler. Gazanýan ajaýyp üstünliklerine guwanýan pagtaçy daýhanlarymyz uzak wagtyň dowamynda der döküp ýetişdiren pagta hasyllaryny gysga wagtyň içinde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, ähli işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şeýlelik-de, olaryň armasyny ýetirmek, işe bolan höweslerini artdyrmak ugrunda dürli medeni-dynç alyş çäreleri hem yzygiderli guralýar.
12-nji oktýabrda pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde edermen pagtaçy daýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde, Türkmenistan daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň meýdan düşelgesinde “Beýik bolsun ak altynyň harmany!” atly şygar astynda aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresini geçirdi. Günortanlyk arakesme wagtynda etrabyň medeniýet bölüminiň estrada aýdymçylary Amangeldi Kurbanow, Arazmyrat Baýmyradow, Perman Mämedow, Haljan Kakaýewa dagylaryň, dessançy bagşylar toparynyň şirin owazly aýdymlary, wäşiler toparynyň degişme sahnalary, “Bagtyýarlyk nagmalary” folklýor tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslary pagtaçylarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, olary zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Dabara ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň sergileri bilen tanyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby boýunça taýýarlanan melhemlik çaýlardan teşneligini gandyran zähmetsöýer pagtaçylarymyz bu medeni çäräniň ýatdan çykmajak täsirler galdyrandyklaryny bellediler. Işeňňir pagtaçylar işlemäge, ýerden bol hasyl almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny buýsanç bilen aýdyp, ak altynly meýdanlara tarap ýola düşdiler. Çäräniň ahyrynda öňdebaryjy ýaş ýygymçylara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.