12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň çagalar sungat mekdebinde “Aýdym-sazly diýaryň saýrak bilbilleri biz!” atly aýdym-sazly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Ýaş nesilleriň aýdym-saza bolan höweslerini has hem artdyrmak, ýaşlaryň medeniýet we sungat äleminde öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen aýdym-sazly bäsleşige TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň jogapkär işgärleri, çagalar sungat mekdebinde okaýan okuwçy ýaşlar we olaryň mugallymlary gatnaşdylar. Aýdym-sazly bäsleşikde çagalar sungat mekdebinde akkardeon, fortepiano, skripka hünärlerinde okaýan okuwçylar öz saýlan saz gurallarynda öwrenen türkmen milli sazlarynyň birini çalyp bermek, bir aýdymy ýerine ýetirmek ýaly şertleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparynyň agzalary okuwçy ýaşlaryň öz okaýan ugurlary boýunça saz gurallarynda saz çalyşlaryna, aýdymlary dürs ýerine ýetirişlerine baha berip, ýeňijileri ýüze çykardylar. Aýdym-sazly bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi
“Aýdym-sazly diýaryň saýrak bilbilleri biz!”
13 Oktýabr 2022
4872

Meňzeş habarlar
25 Iýun 2025
| 532 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY
25 Iýun 2025
| 553 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM
25 Iýun 2025
| 1404 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>