“Nurana geljegiň bagt akabasy”

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda, bilim bölüminiň mejlisler jaýynda “Nurana geljegiň bagt akabasy” atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim ulgamynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýaşlaryň arasynda durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çärede çykyş edenler, Arkadagly Serdarymyzyň bilim we ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ugurlary, sanly ulgama geçmek bilen bagly öňde goýlan wezipeleriň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 532 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 553 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1404 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR