12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport kluby bilen bilelikde, merkezde bilim alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda “Sport – täze ýeňişlere badalga” ady bilen kiçi futbol boýunça klubyň birinjiligi ugrunda bäsleşik geçirdi. Bu çäre “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olary köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar özara toparlara bölünmek esasynda bäsleşdiler.
Bäsleşik özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Onda ýeňiji bolanlara hem-de işjeň gatnaşanlara ýaryşyň guramaçylary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.