“Ýaşlar – döwletiň daýanjy”

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 15-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar – döwletiň daýanjy” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim ulgamynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Bu çäre “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýaşlaryň arasynda durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Çykyş edenler, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaşlaryň kämil bilim almagy,  döredijilikli zähmet çekmegi, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegi üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler, şertler dogrusynda giňişleýin buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 515 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 530 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1387 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR