AKYLLY GYZ (Hekaýa)

Durmuş gurup maşgala bolmak, perzende ýüzüň düşüp, ata bolmak bagtyny arzuw etmeýän ynsan, megerem, dünýä ýüzünde ýok bolsa gerek. Ynha, Söýün hem şeýle arzuw edip, arzuwyna ýeten bagtly ynsanlaryň biri. Dogry, ol özüni öz ýanyndan ata bolan pursatyndan dünýäde iň bagtly adam saýdy. Şol pursat bagtlyýarlyga çendenaşa guwanjyndanmy ýa-da bolmasa iş alada bilen çaga terbiýesi barada pikirlenmedigindenmi, belli däl, dünýä inen perzendiniň geljekdäki ykbaly barada gyzyklanmalydyryn hem öýtmedi. Ýöne durmuşyň öz akymy bar, ol seniň kimdigiňe, käriňe ýa-da ýaş-u-garrydygyňa, baý ýa-da garypdygyňa seredip duranok. Hemmäni öz terezisine salyp görýär. Agramyňy çekibem, kimdigiňi mälim edýär. Özüniň kimdigine, nähili ynsandygyna, diňe şol ölçegde ölçenensoňlar düşünip galýanlar hem az däl. Ine, Söýün hem diňe, ogly Eziz ýokary synp okuwçysy bolanyndan soň, çaga diýlen zadyň ezizdigini, terbiýesiniň ondan hem ezizdigini, bu mesela sowuk-sala seretseň, soňunyň garaşylmadyk, baş çykarmasy kyn köçelere eltýändigine magat göz ýetirdi. Göz ýetirmesine ýetirdem, ýöne bu kyn ahwaldan neneň baş alyp çykjagyny bilmän, baý oda-köze düşdä. Ýene-de baryp maňlaýyny kakasy Gurban aga diredi. Köpi gören Gurban aga ogluny giň göwrümlilik, sabyrlylyk bilen diňläp:

  • Şeý diýsene, onsoň sen ogluň on sekize gadam goýýança onuň bilen, okaýşy, nämä gyzyklanyşy bilen hiç bir gyzyklanyp durmadyňmy ? Onuň bilen gürrüňleşip, käte ata hökmünde, käte bir dost hökmünde pikir alşyp duraňokmydyň ? – diýip sorady.
  • Aý, kaka, men-ä şü gije-gündiz iş diýip, oglumyň soňky synpa baranynam duýmandyryn. Onuň terbiýeçisem, maslahatçysam ejesi boldy – diýip, Söýün aşak bakyp oturyşyna ýuwaşja seslendi.
  • Ine, sen gördüňmi nirede ýalňyşan ekeniň. Çagalygyndan ogluň bilen pikirdeş bolan bolsaň, ol hem seni diňlemäge, diýeniňi ýerine ýetirmäge endik eden bolsa, sen bu günlere düşüp ýörmezdiň. Bolýa, «Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýda» diýipdirler. Sen entegem ogluň bilen ýakyn dost hökmünde bir gürleşip gör. Öz durmuşyňdan mysallar getirip, geljekde oňa hem nähili ykbalyň garaşýandygy barada düşündirjek bol. Emma ganygyzgynlyga ýol berme, soňy has mojuk zatlara eltmegi mümkin. Juda  bolmasa, onuň «halaşýan» diýip ýören gyzynyň ene-atasy bilen gürleşip görüň. Eger gürleşeniň peýda bermese, galanyny soň bile akyllaşyp iş tutarys.
  • Bolýa, kaka, men Eziz jan bilen ýene-de bir gürleşip göreýin. Aý, ýöne hiç hili üýtgän zat bolmasa gerek. Onuň dünýägaraýşy, düşünjesi düýpgöter başgaça. Men wagtynda gaty uly ýalňyşypdyryn, indi düzedip biläýsem ýagşy.
  • Darygyberme, enşalla düzeler, çünki her kim bolsada aslyna çekýändir, biziň aňrymyzda entek atasyny diňlemeýän, tersýoňka çykan ýokdur. Gaty bir tersiňe zyňyberse-de, gaharlanyp özbaşdak bir hokga çykarjak bolma-da, göni meniň ýanyma gel. Bileleşip, bir alajyny taparys. Söýün kakasy bilen hoşlaşyp gaýtdy. Öýüne gelse, ogly bezenip-beslenip bir ýere ugrajak bolup dur. Söýün:
  • Hawa, oglum, ýol bolsun, nirä ugrajak bolýaň ?
  • Aý, kaka, neme...bir dostum çagyrypdy, şoňka barýan – diýip, aljyrabrak jogap berdi. Söýün oglunyň ýalan sözleýänini aňsa-da, giňlige saldy.
  • Häää...şeýlemi ? Bolýa, gitseň gidiber, ýöne wagtragynda dolan. Geleňsoň, seň bilen maslahatlaşmaly möhüm bir mesele bar, gürleşdikmi ?
  • Bolýa, kaka.

Ogly gidensoň, Söýün aşhanada biş-düş işlerine gümra bolup ýören aýaly Gülsenemiň ýanyna bardy.

  • Eziz janyň ejesi, hany, bir çäýnek ajy çaý demle-de, özüň hem ýanyma gel, bir çaý başynda gümür-ýamyr edeli.

Gülsenem adamsynyň aýdanyny derrew ýerine ýetirdi. Demli çäýnegi gaýtaryp oturyşyna, Söýün ýuwaşjadan gürrüňe başlady:

  • Senem, tüweleme, oglumyzam indi ýigit çykypdyr. Ýene-de üç-dört aýdan mekdebi tamamlaýar. Güýzde on sekizi dolýar. Ýöne oglumyzyň ne okuwa gitjek, ne-de bir hünärli boljak diýmän, eýýämden kellesini «Öýlenmek» diýen pikir eýeläpdir. Meniň pikirimçe-hä, onuň bu hereketi ýaşlygyň ýelginine häki bir geldi-geçer höwes bolaýmasa. Çünki, durmuş gurmak oýun oýunjak zat däl ahyry. Iň bir agyr ýeri-de, oňa bu hakykaty düşündirip bolanok. Ol sözüňi soňuna çenli diňlänoga. Bar bilýäni: «Men ol gyzy halaýan, ol hem meni. Halaşýanlara durmuş gurmaga garşy çykmaga hiç kimiň haky ýok» diýmek. Meniň-ä soňky hepdede ýatyp, ukym tutanok. Muňa bir çykalga tapmasak bolmaýar.

Adamsyny mazaly diňlän Gülsenem:

  • Kakasy, şol mesele-hä meni hem rahatlandyranok. Alajyny etmesek, bir gelşiksiz ýagdaýa düşäýmegimiz gaty ahmal. Synp ýolbaşysy Sonagül mugallym «Gelneje, Eziz jana soňky günler bir zad-a bolýar. Ol okuwdan gün-günden sowaşyp barýar» diýensoň-a, meniň gözüme uky gelmedi. Indi bir alaç edäýmeseg-ä, munuň soňunyň nämä eltjegini men-ä bilemok – diýdi.
  • Men bu mesele barada kakam bilen hem gürleşdim. Kakam-a bar günäni meniň özümde goýdy. Dogrudan hem, oglumy terbiýelemek meselesine wagtynda çynlakaý seretmändirin. Indi bolsa meniň goýberen ýalňyşlygym öz alkymymdan aldy.
  • Atasy näme diýdi ?
  • Kakam, «Eziz bilen oturyp mazalyja gürleşip gör, gahara ýol berme, birden göwnüne degseň, bir zadyň üstünden barmagy hem ahmal. Ugruna  kowup, onuň içki dünýäsine aralaşjak bol. Eger gürrüňleşeniň hiç netije bermese, onda başga ýol taparys» diýdi. Şunlukda, Söýün bilen Gülsenem  Ezize garaşmaga başladylar. Eziz uzak garaşdyrmady. Ol gapydan keýpikök, şadyýan ýagdaýda, hiňlenjiräp girdi. Ejesi bilen kakasyna gözi düşenden ýüzugra habar gatdy:
  • Otyrmysyňyz, menem eglenmänjik gelendirin, diýdim-ä kaka, kän eglenmen diýip. Kakasy ony ugruna kowdy:
  • Berekella oglum, senden tamam hem şeýledi, men-ä senden arkaýyndym welin, şu ejeň-dä, biraz gaýgy edip başlapdy, mazaly wagtynda geldiň. Gel, geç, çaý başynda ikimiz bir gürleşeli. Eziz köwşüni çykaryp, elini ýuwup, kakasynyň ýanyna gelip oturdy. Kakasy oňa söýünç bilen seretdi:
  • Tüweleme, oglum, ýigit çykypsyň. Nähili onsoň okuwlar, oňat okaýaňmy ? Mugallymyň-a, «Eziz soňky günler birhili okuwdan sowaşyp başlady» diýýär. Bu ne beýle ? Sen  gaty gowy okamalysyň, meň senden tamam gaty uludyr. Sen geljekde ýokary okuw jaýyna girmeli, uly adam bolmaly. Ýa  seň okamak hyýalyň yokmy ?  Eziz jogap bermän dymdy.
  • Oglum, bu ne jogap bereňok ? Sen indi uly adam, her bir adamyň öňünde bir maksady bolýar. Sen geljekde nämeleri meýilleşdirýäň ?

Aşak bakyp oturan Eziz:

  • Kaka, ýaňy gitjek wagtym sen meň bilen gürleşjek diýeniňden, men seniň şu meseläni gozgajagyňy aňypdym. Dogrymy aýtsam, kaka, meň sizden gizlin zadym ýok. Ejem-ä çalarak aňýaram, men okamak barada pikir hem edemok. Meniň halaşýanym bar, okuwy tamamlasak, men oňa öýlenmekçi. Galanyny soň görüberýäs, özüň aýdyp otyrsyňa «ýigit çykypsyň» diýip.

Ozalam oglunyň özüni alyp barşyndan nägile bolup ýören Söýüniň gahary geldi, bolsa-da özüni sowukganlylyk bilen saklady. Ogluny çar tarapdan gabamagy ýüregine düwdi:

  • Aý, oglum, ýüregiňdäkini gizlemän aýdýanyňam bir gowy zat. Aýtman, diýmän bir işler goparyp oturyberseň, näderdim. Ýöne bu durmuş seniň göz öňüňe getirişiň ýaly-ha däldir. Hemmesiniň soňy bardyr.
  • Kaka, saňa akylly bolup görünjek bolamok, ýöne esasy zat, ol gyz meni söýýär, menem ony. Ikimiziň ýüregimiz bir ursa, galanynyň bir alajy bolar.
  • Ana ähli gep hem şonda ahyry. Siz  durmuş gurmaga taýynmy, soňky gün maşgala eklemeli bolaňda nädersiň ? Men orta mekdebi tamamlanymdan soň, harby gulluga gitdim. Gelibem okuwa tabşyrdym, ilki girip bilmedim. Şonda ejem-kakama artykmaç ýük bolmajak bolup gurluşykda işledim, öýümiziň bir agzasy hökmünde goşant goşdum, gijesine ýatman okuwa taýýarlanýardym. Üçünji gezekde okuwa kabul edildim. Diýjek bolýanym, sen soň bir maşgalany eklär ýaly hökman bir hünäri ele almalysyň. Ýogsam soň gaty kösenersiň.

Eziz sähelçe-de oýlanman:

  • Kaka, öýlenensoň hem hünär edinip bolar-a, okabam bolar, ýa ýalňyşmy meň diýýänim ?

Söýün janyýangynlyk bilen:

  • Aý, oglum, näme etjek özüňi özüň kösäp. Öýlenseň, ýanýoldaşly bolarsyň, çagaly bolarsyň. Onsoň olary iýdirmeli, geýdirmeli, men-ä haýran, nädip okajak, hünär edinjek. Şu wagt mümkinçilik barka peýdalan-da, erteki günüňde maşgalaňy arkaýyn dolandyrar ýaly boljak bol. «Soňky puşman özüňe duşman» diýleni, galanyny hen özüň ýatyp-turup oýlanyşyp gör – diýip, Söýün sözüni tamamladym etdi. Eziziň jogaby nagt boldy:
  • Kaka, biz oýlanyşylan ýaly, eýýäm bir karara gelip goýduk, pikirimi üýtgetmek niýetim ýok.

Ýeňse damarlary gatap, gahary ýetjek derejesine ýetse-de, Söýün gahara erkini bermedi. Eziz hem turup, öz otagyna gitdi.

Gijesi bilen dürli oý-hyýallara üstüni basdyran Söýüniň gözüne uky gelmedi. Emma belli bir bogan sübsesi hem bolmady. Ir  bilen çaýyň başynda aýaly:

  • Nätdiň kakasy, agşam ogluň bilen gürleşdiňmi ?
  • Gürleşmesine-hä gürleşdim welin, ýöne hiç hili netije bolmady. Ogluň şol bir heňi. Meniň-ä başym çaşdy, indi näderimi bilemok.
  • Kakasy näme etsek hem bir çykalga tapmasak bolanok.
  • Ol barada men bütin gije oýlandym. Ogluň halaşyp ýören gyzyny, ata-enesini tapmaly-da, bilelikde maslahatlaşyp iş alyp barmaly, şeýtsek bir netije gazanarys. Ýogsa-da, ogluň olary sen tanaýaň diýen ýaly etdi. Kimiň gyzy ol ?
  • Aý, olar bir tanalmaz ýaly adamlar däl. Gaty bir daşda hem ýaşanoklar. Ejesi-hä meniň obadaşym hem. Ho-ol, täze açylan çagalar bagynyň ýanynda ýaşaýan Tagan aganyň körpe gyzy, ejesi hem Dursun gelneje, özler-ä erbet adamlar däl. Dogrusy, özüm hem bu barada Dursun gelneje bilen gepleşip görsem diýip ýördüm, mazaly pikirimiz bir çykdy.
  • Gürleşjek bolsaň, haýal etme, şu günden gijä goýma. Agşamlyk maňa bellisini aýt.

Ertirlik çaýy şunuň bilen içildi, Söýün işine gitdi, Eziz mekdebe. Ikisinem ugradyp, Gülsenem hem Dursun gelnejelere ugrady.

Dursun gelneje obadaşyny gadyrly garşylady:

-Gülsenem, bu senmi asyl ? Geleweri, töre geç, şeýdip arasynda oturmaga dagy gelip durarlar. Öz obamyň gyzyny görsem, edil obamy gören ýaly bolaýýan.

  Düşek ýazyldy, orta saçak ýazylyp, çaý getirildi. Gülsenem ýuwaşlyk bilen gelmeginiň sebäbini aýtdy. Dursun gelneje birbada oýunlyga saldy:

  • Wiý, asyl çen sawçylyga geldim diýsene, onda näme eliňde iki köke salnan saçak görnenoga ? Ýa-da şähere göçüp gelensoň, obaň däbini unudaýdyňmy gyz ? – diýip, gülüp goýberdi. Gülsenem hem ýylgyrdy.
  • Dursun gelneje meni-ňä oýun ýadyma düşenok. Bu mesele gaty möhüm we näzik. Özüňiz ýaly bir ýaşulurak adam bilen maslahatlaşaýmasak, biz-ä alajy guradyp oturandyrys.

Mundan soň çynlakaý keşbe geçen Dursun gelneje:

– Hany, ýüregiňi ele alyberme gyz. Gaýa ýok, gopuz ýok, nämä darygyberýäň. Çagajyklarymyz gaty bir biedep däldirler. Ýollaryny üýtgetjek bolsalar hem entek öňlerinde özümiz bardyrys. Hany, sen aýt, näme etsem diýýäň ?

  • Biz-ä kakasy bilen entek oglumyzy öýermek niýetimiz ýok. Ol entek harby gulluga gitmeli. Soň hem okamaly, bir maşgalany eklär ýaly hünär edinmeli, soň maşgala gurmaly. Eziz bolsa, «Ilki öýlenjek, galanyna soň hem ýetişerin» diýýär. Biz-ä oňlamzok, ol hem bize gulak asmajak bolýar. Indi, siz şu meselede gyzyňyz bilen oňatja gürleşseňiz. Eziz bizi diňlemesede Maral jany diňlär. Siz Maral jana düşündirseňiz, Maral jan bolsa Ezize düşündirse, biziň-ä kakasy bilen gelen netijämiz şu.
  • Hä, şeýle diýsene, gaty gowy oýlapsyňyz, öňi bilen ýaş wagty okamaly, bir hünär edinmeli, haçana çenli ejesidir kakasynyň gazanjyna daýanmaly. Bolýa, men gyzym bilen özüm oňatja gürleşerin, Maral jan gaty üşükli gyzdyr, özi Ezize oňatja edip düşündirer. Şunlukda, Gülsenem Dursun gelneje bilen hoşlaşyp gaýtdy.

Eziz birnäçe günläp Maral bilen ikiçäk duşuşyp bilmedi. Ahyry duşuşdylar. Hemişe bolşy ýaly Maral dymýardy, Eziz bolsa şol gürläp durdy. Emma Eziz näçe gülküli gürrüňler aýtsa-da, Maralyň ýüzi açylmady. Ahyry Eziz:

  • Maral, saňa näme bolýar, seniň keýpiň ýokla ? – diýip sorady. Maral birbada jogap bermän dymsa-da, soňra gürläp başlady:

– Eziz, men şu gün seniň bilen açyk gürrüň etmekçi. Ikimiz birnäçe wagt bäri halaşyp ýörüs. Basym orta mekdebi hem tamamlaýas. Onsoň, sen gulluga gidersiň. Eziz onuň sözüni böldi:

  • Asyl sen şony gaýgy edýärmidiň ? Biler bolsaň, men gulluga güýzde gidýän. Oňa çenli biz toý tutup ýetişýäs.

Bu gezek Maral onuň sözüni böldi:

  • Gürrüň diňe bir toý tutmakda däl, Eziz.
  • Eýsem gürrüň nämede ?
  • Biz durmuş gurmaga taýýarmy ýa ýok ? Gürrüň, ine şunda.
  • Bu näme diýdigiň bolýa. Men-ä şu güne çenli sen meni söýýämikäň öýdüp ýördüm. Ýa-da men ýalňyşypdyrynmy ?
  • Ýok, bu babatda sen ýalňyşaňok. Meniň ýüregimde senden başga orun ýok. Ýöne meniň öz arzuwlarym hem bar. Men okamagy, lukman bolmagy ýüregimde besläpdim. Sen hem hökman okamaly, ýokary bolmasa-da, orta bolsa-da, bir hünäri ele almaly. Ikimiz hem durmuşdaky ornumyzy tapmaly, ana, şondan soň durmuş gursak biz bagtly bolup bileris. Çünki,  ynsan öz esasy bagtyny diňe zähmetden tapýandyr. Şonuň üçin, sen hem şu wagt mümkinçilik barka, belli bir hünäri saýla.
  • Be, sen hem indi şeýle diýdiň-ow – diýip, Eziz dymdy. Dymyşlyk uzaga çekdi. Ahyry dymyşlygy Maral bozdy:
  • Eziz dymdyň-la beýle, ýa-da meniň diýenimiň nädogry ýeri barmy? Men-ä gaýtmakçy sen hem ýat, tur oýlanyp gör. Meniň bilen ylalaşman hem bilersiň, ýöne men öz pikrimden dänmekçi däl. Sen hem özüň bil, men hem saňa ýagşylylykdan başga zady islämok. Hoş, sagbol. Eziz oňa «Sagbol» hem diýmedi.

Hemişe şadyýan ýylgyryp, hiňlenip gapydan girýän Eziziň bu gün dymyp, keýpsiz geleninden ejesidir kakasy nämedir bir üýtgeşikligiň bolanyny aňdylar. Ýöne, sebäbini soramaga howlukmadylar. Eziz aýtjagam bolmady. Onuň keýpsiz, hiç kim bilen gürleşmän gezmegi, öz tamyndan çykman gözüni bir nokada dikip ýatmagy, iki hepde dagy dowam etdi. Ahyry bir netijä gelendir-dä. Ir bilen çaý içip oturan kakasyna ýüzlendi:

  • Kaka, arada men seni diňlemän göwnüňe degen ekenim, meni bagyşla – diýdi. Indi  birnäçe wagtdan bäri hiç ynjalygy bolman ýören Söýüniň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.
  • Hawa, ogul, indiki mesele ?
  • Indimi, kaka öňi bilen-ä okuwymy oňat tamamlajak. Soňam ýokary okuwa synanyşjak. Girip bilsem-ä okaryn, girip bilmesem hem güýzde harby gulluga gitjek. Ýöne, gullugy tamamlanymdan soň hem, hökman okamaly diýen karara geldim.
  • Berekella, oglum, ine, munyň hakyky ýigidiň gürrüňi boldy – diýip, Söýün guwançly seslendi. Häliden bäri bularyň gürrüňine goşulman oturan Gülsenem gelneje:
  • Oglum, bu pikiri özüň tapdyňmy ýa Maral jan salgy beräýdimi ? – diýip, ýylgyrdy. Kakasy hem güldi. Eziziň ýüzi çapaty ýaly gyzardy.
  • Ýa, eje, senem oňarýaň-ow – diýip, turup gitdi. Söýün:
  • Bolsa-da, ol gyz akylly gyz ekeni – diýdi. Öz garaşan netijesi çykan Gülsenem:
  • Dursun gelnejäniň terbiýesini alan gyzyň başgaça bolmaga haky hem ýok diýdi.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 515 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 530 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1387 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR