Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ýurdumyzy bagy-bagy bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2605-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň paýtagtynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallaryny hem-de üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär we häzirki wagtda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy amala aşyrylýar.Hemmämize mälim bolşy ýaly her ýylyň ähli bag ekmek dabarasy eýýäm Eziz diýarymyzda däp bolup gelýär .Geçen ýyl ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbi oturdyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas Çeşmesi” atly kitabynda “Tebigat we zähmet hakynda” atly bölümi: Agaç barly bolsa, başy aşak; Almany çöle, armydy- baýra; Bag –barsyz bolmaz, at- timarsyz; Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn ekersiň; Daýhana hereket-ýerden bereket, ýaly birnäçe ajaýyp nakyllar beýan edilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her bir ýörelgesi biz ýaşlara görelde nusgadyr. Mälim bolşy ýaly Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine geçen gününiň ilkinji günlerinde ilkinji bag nahaly ekmegi bolsa Eziz Diýarymyzda Ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi Ata watanymyzyň gülläp ösmeginiň nyşanydygy biz ýaşlara aýdyň subutnamasy boldy.
Tebigy, gurşaw, ýagny ýer, suw ösümlik we haýwanat dünýäsi, howa giňişligi adamzat ýaşaýşynyň dowam etmegini goldaýan esasy baýlykdyr. Şol baýlyklary gorap olaryň tämizligi dowamlylygyny alada etmek her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmekde Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň güýz paslynyň ajaýyp gününde geçirilen ählihalk bak ekmek dabarasynda hem ýaş nahallaryň köp sanly düýbüni oturdylyp,, bu sogaply işe hem Ahal welaýatyň, şäher, etraplaryň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de agzybir işgärleri, jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri öz goşantlaryny goşdylar. Durmuşy gözelleşdirip, ynsan ömrüni uzaldýan şeýle sogaply işler dowamly bolsun!
Mähri GURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.