Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 9-njy noýabr Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maşgala durmuşymyzyň özeni bolup, onsuz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalaňy söýmek, ony agzybir saklamak – ýaşaýan ýurduňy, döwletiňi, Watanyňy söýmekdir. Birek-birege düşünýän hojalyk bagtly hasap edilýär. Çagalar maşgalada uly bilen gepleşmegiň, myhman garşylamagyň, goňşy-golam, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşyk etmegiň, mugallymy diňlemegiň, köpçülikde özüňi oňat alyp barmagyň ýollaryny öwrenýärler.
Duşuşyk şular dogrusyndaky söhbetlere baý boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagynda döwlet tarapyndan bimöçber aladalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýtdylar.