Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller üçin bolsa — ýetip bolmajak sepgit, amala aşyryp bolmajak wezipe ýokdur! Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr! Sporta bolan söýgi — durmuşa bolan söýgüdir!
Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, merdana halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň guwanjymyzdyr.
Ýaşlarymyzyň her bir şäherde we obada, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim almagy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, medeniýetiň, saglygyň we sportuň durmuşymyzyň adaty kadasyna öwrülmegi biziň esasy maksadymyzdyr.
Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hemde beýik geljegidir.
Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür.
Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar.
Siz öz ajaýyp we päk ahlagyňyz, ýokary adamkärçilik häsiýetleriňiz bilen eziz Watanymyzy dünýä tanatmalysyňyz!
“Nesil” gazeti,
03.08.2019ý.