DÖREDIJILIKDE WE SAGDYN DUR­MUŞ­DA BE­ÝIK GÖ­REL­DE

Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsadynyň günlerinde döreýän boş wagtyny sportuň dürli görnüşlerine, saz sungatyna, çeper we ylmy işlere sarp edýär.

Milli Liderimiz dynç alyş günlerinde döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edip, türkmen alabaýlary hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip hasaplamak bolar.

Ägirt uly ylmy-barlag maglumatlaryň jemine, ylmy neşirleriň we golýazmalaryň öwrenilmegine esaslanan milli Liderimiziň täze işi türkmeniň buýsanjy we baýlygy hakynda ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer.

Dünýä meşhur tohumlaryň biri bolan alabaý beden gurluşynyň sazlaşygy we deňeçerligi bilen haýran edýär. Türkmen itleri asuda we parahat häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Olar üşükli, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne bolan ynamly itler bolup, öz çäklerini mertlerçe goraýarlar hem-de howpuň abanan ýagdaýynda okgunly hereket etmäge ukyplydyr. Alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň esaslary barada hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda gürrüň berilýär. Milli Liderimiziň täze eseri alabaý itlerini, umuman, türkmen halkynyň mirasyny geljekde hem dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryna gowşar. Neşir okyjylaryň giň topary üçin bolşy ýaly, türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.

Döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, säher bilen welosipedde gezelenç etdi.

Hormatly Prezidentimiziň adam saglygyny goraýan iň gowy serişde hökmünde sporta bolan garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, onuň maksady — türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli ýetişdirmek bolup durýar. Milli Liderimiziň sporta ygrarlylygy, döwlet Baştutanymyzyň onuň dürli görnüşlerinde üstünlikleri gazanmagy ähli watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusga alarlyk görelde bolup durýar.

Ata Watanymyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň öňden gelýän däpleri bolup, ol täze derejä çykýar. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi hem asylly däbe öwrüldi. Şonuň ýaly yzygiderli geçirilýän çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam edýär.

Şeýlelikde, bedenterbiýe we sagaldyş sport işi — bu döwletiň we jemgyýetiň, saglygyň gadyryny bilýän hem-de ony berkitmekde we öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde iň gowy kömekçi — sportuň, milli Liderimiziň we agzybir halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagy we birleşmegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkara hyzmatdaşlykda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Iri dünýä ýaryşlaryny yzygiderli kabul etmegi ýola goýlan ýurdumyzda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Şeýle hem dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, şolaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmegi halaýar. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän zähmet rugsadynyň bir gününde atçylyk toplumynda Şapolat atly bedew aty bilen didarlaşdy we öz eý görýän bedewinde toplumyň çäkleri boýunça gezim etdi.

Türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy, hemişelik alada we tagalla bilen gurşalyp alnan, buýsanjymyz hem-de söýgimiz bolan bedewler asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň iň bir ajaýyp we adatdan daşary sarpa goýýan keşbine, agzybirligiň, döredijilik güýjüniň, kämilligiň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistan dünýäde iri atşynaslyk merkezine öwrüldi bedewlerimiz hem-de çapyksuwarlarymyz bolsa halkara sergileriň, atçylyk sport ýaryşlarynyň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar. Milli Liderimiz tutuş kalby bilen bedewlere halkymyzyň belent sarpasyny, mährini siňdirip, olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň sanyny artdyrmak hem-de olary wagyz etmek, atçylyk sungaty ýörelgeleriniň dowamatlylygyny saklamak we olary häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrmak işlerini döwlet syýasaty derejesine çykardy.

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllarynda-da nyşana ok atmak boýunça ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşlerinde ýokary ussatlyk derejesini gazanýar. Şeýlelikde, milli Liderimiz öz şahsy göreldesi bilen sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýändigini görkezýär. Beden maşklary adamyň ruhuna, düşünjesine, ünsüne, huşuna oňyn täsir edip, şahsy häsiýetleriniň kemala gelmegine, has takygy, tutanýerliligiň, erk-islegiň, zähmetsöýerligiň ösmegine ýardam edip, işjeň durmuş ýörelgesini döretmäge ýol açýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy. Şol günleriň birinde hormatly Prezidentimiz ses ýazýan studiýada aýdym-saz bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň döreden täze sazyny dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady.

Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerim ýetginjek ýyllaryndan başlap, saz sungaty bilen meşgullanyp, atasynyň göreldesine eýerip, saz sungatynda birnäçe eserleri döredendigi hemmelere mälimdir. Sazçylyk mekdebini tamamlap, sazçylyk babatda tälimi birkemsiz ele alan Kerim bu gün bolsa «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe» atly täze eserini döredip, ony ilki bilen atasyna diňletdi.

Döwlet Baştutanymyz täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp, hiňlenip gördi.

Milli Liderimiz bu eseri barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompozitorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu baradaky isleg-arzuwlaryny aýtsalar, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Şeýle hem dynç alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz ýarygije Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçdi. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp, hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy.

Sähranyň geçmesi kyn bolan ýerleri ürgün çägeleri, duýdansyz çykýan alaňlary hem-de beýleki böwetleri öz içine alýar. Awtomobil sporty diňe amaly tejribäni däl-de, eýsem, nazaryýet nukdaýnazaryndan taýýarlygy hem talap edýär. Bu bolsa sürüjiniň dürli taraplaýyn hünäriniň möhüm bölegi, ulagy dolandyrmak boýunça ondan diňe başarnyklary däl-de, eýsem, taktiki pikirlenmegiň belli bir endiklerini talap edýär. Çünki ýokary tizligiň barşynda köp ýagdaýlary nazara almak, töwerekdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul etmek hem-de çylşyrymly ýoly dowam etmegiň takyk usulyny tapmak gerek bolýar.

Milli Liderimiz Gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagumuň ýalkymy» diýen ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.

“Nesil” gazeti,

06.08.2019ý.