5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Mejlisiň Başlygyny çagyrdy. Parlamentiň ýolbaşçysy geçen 7 aýyň içinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça deputatlar düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, sanly ykdysadyýetiň we şonuň bilen bagly ähli zatlaryň täzeçe düzgünleşdirilmegi, täze kanunçylygy talap edýändigini nygtady. Milli Liderimiz innowasion tehnologiýalary ösdürmek, şonuň esasynda «sanly ykdysadyýet» maksatnamasyny durmuşa geçirmek işini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň hem-de dürli meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine parlamentiň wekilleri tarapyndan gözegçilik edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz möhüm çäre bolan Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden taýýarlanyp başlamagyň hem-de milli forumyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy barada nygtady.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler hem-de ony has-da abadanlaşdyrmak, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, käbir iri gurluşyklarda işleriň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Olaryň hatarynda täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar hem bar.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, bina edilýän desgalaryň gurluşyk depginleri barada habar berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi hasabatynda şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz bu iri forumyň ähmiýetini belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi. Bu çäre kenarýaka ýurtlaryň arasynda hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder.
Şeýle hem sanly wideoaragatnaşykda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda geçirilýän işleriň barşy, öňde boljak oba hojalyk möwsümleri bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň çözülişi, bu babatda pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Şonuň ýaly-da umumymilli baýramçylyklara we täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp geçiriljek çäreleriň guralyşy barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak möhüm möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary barada aýdyp, işleri bellenilen agrotehniki kadalara we şu günüň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pagta ýygymy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda gurulýan desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň baş baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek täze desgalarda we binalarda işleriň barşyna ünsi çekdi.
Sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklara döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky şanly wakalara taýýarlyk görülmeginiň ähmiýetini nygtady. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagyna, şeýle hem nobatdaky Halk Maslahatyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra milli Liderimiz häkimlere ýüzlenip, esasy agrotehniki çäreleriň ählisiniň geçirilendigini, gowy pagta hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini nazara alyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine 19-njy awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsadyň berilýändigini habar berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2020-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
08.08.2019ý.