ZEHINLI ÝAŞLAR

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji noýabrnda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap  Geňeşi Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli etrabyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdi.

«Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyrynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. «Merdana nesil — 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolan oglanlara dabarany gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda çagalaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin oňa gatnaşan körpeler Arkadagly Serdarymyza çaga kalplaryndan syzylyp çykýan  alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA