8-nji awgustda ir bilen hormatly Prezidentimiz howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Awazanyň çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňky ýyllarda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilen sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belläp, hyzmatlaryň şeýle görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosiped sürüp barşyna welosipedde gurnalan enjamyň kömegi bilen beketde agtygy Kerimiň döreden «Ýaşa, Türkmenistan! Bedew bady bilen diňe öňe!» diýen täze saz eserini diňledi.
Hazar sebitiniň gözellikleri bilen utgaşyp, ajaýyp heňler adamlara ylham berýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi çeper döredijiligiň we saz sungatynyň adamzadyň durmuşynda uly ähmiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň düzen sazyna aýdym döretmegiň üstünde işleýärler.
Hormatly Prezidentimiz «Ekowelosiped beketlerinde» hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministrine ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, taslamalar işlenip düzülende ýerli tebigatyň aýratynlyklary hasaba alynmalydyr hem-de adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip döwlet Baştutanymyz täze toplumy bina etmegiň ähli işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, ozal beren tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi.
Täze gämini garşylamak dabarasy milli däp-dessurlara laýyklykda guraldy.
«Rowaç» diýlen ady alan gäminiň ýanynda saklanyp, hormatly Prezidentimiz onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi we gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi hem-de deňizde gezelenç etdi.
Gämide ýüzüş wagtynda hormatly Prezidentimiz bu künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi, deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.
“Nesil” gazeti,
10.08.2019ý.