ASUDA DURMUŞ — DÖWREBAP ÖSÜŞ

Awgustyň 7-sine hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, MHM-iň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri geçen ýedi aýda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ministrligiň bölümleriniň öňünde duran ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda ministre tabşyryklary berdi.

Öz nobatynda goranmak ministri ýanwar-iýul aýlarynda Milli goşunyň harby bölümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Goranmak ministrliginiň işini kämilleşdirmek baradaky meselelere degip geçip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy 2019-njy ýylyň geçen döwründe milli kazyýet ulgamynda durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu edaranyň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny berk berjaý etmek ýörelgelerine eýermelidiklerini belledi we degişli görkezmeleri berdi.

Baş prokuror şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz prokuratura edaralary tarapyndan amala aşyrylýan işleriň möhümdigini nygtap, bu düzümiň öňünde duran jogapkärli wezipelere ünsi çekip, bu barada görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz bu gullugyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ýaş esgerleri söweşjeň taýdan taýýarlamak we watançylyk ruhunda terbiýelemek, gulluklaryny üstünlikli alyp barmagy üçin olara hemme şertleri döretmek boýunça maksada gönükdirilen işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtap, türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy şu ýylyň ýedi aýynda edaranyň alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz gullugyň täze başlygyna ýüzlenip, edaranyň öňünde duran wezipeleriň çözülişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna yzygiderli gözegçilik edip durmagyň hem-de zerur bolanda olary umumy kabul edilen ölçeglere we dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň hasabaty diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ösen düzümleriň üpjün edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň sebit we dünýä derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu edaranyň işgärleriniň jogapkärçiliginiň artýandygyna ünsi çekdi hem-de migrasiýa amallaryny geçirmek üçin birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

10.08.2019ý.