BAGTYÝARLYGYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

Aw­gust aýy­nyň 9-yna hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zo­la­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tiniň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ge­çen 7 aýyň do­wa­myn­da halk ho­ja­lyk toplu­my­nyň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­me­giň gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sabat döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mizde ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­riň umu­man ka­na­gat­la­nar­ly bo­lan­dy­gy­ny belläp, en­tek çö­zül­me­li köp­ san­ly me­se­le­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistrli­gi­niň ýa­nyn­da­ky yk­dy­sa­dy­ýeti tö­wek­gel­çi­lik­ler­den go­ra­mak agent­li­gi­niň işi­ni kä­mil­leş­dirmek ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra, şeý­le-de «Ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny abat­laýyş we hyz­mat ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­ny hem-de gaz­tur­bi­na des­ga­la­ry üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­rynyň sa­tyn alyn­ma­gy­ny ma­li­ýe­leşdir­mek ha­kyn­da­ky» hem-de «Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň tas­la­ma­la­ryny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin Türk­menis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky bi­len hu­su­sy ul­ga­my ösdür­mek bo­ýun­ça Ys­lam kor­po­rasi­ýa­sy­nyň ara­syn­da ma­li­ýe yla­laşy­gy­ny bag­laş­mak ha­kyn­da­ky» Ka­rar­la­ra gol çek­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­zi san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­giň mak­satnаma­sy­nyň ka­bul edi­lendi­gi­ni aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­nymyz onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän eda­ra­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ýa­kyn wagt­da de­gişli tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gynyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da mi­nistr­li­giň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bi­rin­ji Ha­zar ykdy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iki­ta­rap­laýyn du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň degiş­li pu­dak­lar üçin bäh­bit­li bol­jak­dygy­ny aýt­dy.

«Ha­zar deň­zi ins­ti­tu­ty­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky» Per­ma­na gol çe­kip, wi­se-prem­ýe­re, DIM-iň ýol­baş­çy­sy­na anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Başly­gy­nyň orun­ba­sa­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da ýanwar-iýul aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diň­läp, ýangyç-energetika top­lu­myn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy­na hem-de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň or­naşdy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir di­ýip bel­le­di. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň hem-de ke­nar­ýa­ka zo­la­gynyň kän­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny çek­me­giň ha­sa­by­na öz­leş­dir­me­gi, şeýle-de tä­ze ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny aç­mak me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sakla­ma­gy wise-premýere tab­şyr­dy.

Öz no­ba­tyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tiniň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Türk­menis­ta­nyň se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­myn­da ha­sa­bat döw­rün­de ýe­rine ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýur­du­my­zyň se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň düzüm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­ziden­ti­miz de­giş­li pu­dak­la­ýyn mak­satna­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rilme­li­di­gi­ni aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­na­gat­laşdyr­mak bi­len bag­ly ka­bul edi­len meýil­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa geçi­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şyryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry gur­lu­şyk we ener­ge­ti­ka top­lum­la­ry­nyň, je­ma­gat ho­ja­ly­gy­nyň we paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň düzüm­le­ri­niň şu ýy­lyň ýanwar-iýul aý­laryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýe­re Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň äh­li orun­ba­sar­la­ry we hä­kim­ler bi­len bile­lik­de dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny hem-de de­giş­li pu­dak­laryň maddy-enjamlaýyn bin­ýa­dy­ny ösdür­me­gi berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­ri­ni mun­dan beýläk-de aba­dan­laş­dyr­mak, ösen şä­her üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny döret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ün­si güýç­len­dir­mek ze­rur­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dakla­ryn­da şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýur­dumy­zyň we­la­ýat­la­ryn­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba­se­na­gat top­lu­my­ny do­lan­dyr­mak ul­ga­my­ny mun­dan beýläk-de kä­mil­leşdir­mek, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dygy­ny bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni geçir­mä­ge de­giş­li bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­lygy­nyň orun­ba­sa­ry ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myzyň eks­port kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyrmak­da, içer­ki ba­za­r­da önüm bol­çu­lygy­ny üp­jün et­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­le­re mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ugur­daş düzüm­ler bi­len saz­la­şyk­ly iş alyp bar­mak ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­lygy­nyň orun­ba­sa­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän ulgam­la­ryn­da şu ýy­lyň ýanwar-iýul aýla­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň hem-de köpçü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den ulan­ma­gy göz öňün­de tut­mak bi­len mak­sa­da­la­ýyk kä­mil­leş­dir­me­giň zerur­dy­gy­ny aýt­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­lary­nyň şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýe­ri­ne ýeti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri bo­ýun­ça ha­sa­bat ber­di.

Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mek­dep­le­ri­ne gi­riş sy­nag­la­rynyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di. In­di tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gö­rüp başla­ma­ly. Or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­deple­rin­de abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ta­mam­la­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz komp­ýu­ter­leş­dirmä­ge we san­ly ul­ga­ma, okat­ma­gyň täze usul­la­ry­na geç­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di we döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyklyk­da bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­megi tab­şyr­dy we wi­se-prem­ýe­re bu babat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban baý­ra­my­ny belle­mek we 11-nji aw­gust­da­ky dynç günü­ni 14-nji aw­gus­ta — çar­şen­be gü­nü­ne ge­çir­mek ha­kyn­da­ky Per­ma­na gol çekip, äh­li ýol­baş­çy­la­ra, aýratyn-da, hukuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na şol gün­ler­de äh­li gul­luk­la­ryň goş­ma­ça no­bat­çy­ly­gy­ny gu­ra­ma­gy tab­şyr­dy we hem­me­le­ri baý­ram bi­len gut­la­dy.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­gişli baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler kabul edil­di.

“Nesil” gazeti,

13.08.2019ý.