HORMATLY PREZIDENTIMIZ BELENT MERTEBELI MYHMANLARY KABUL ETDI

Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilýän günlerinde, bu möhüm wakanyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelen birnäçe myhmanlary kabul etdi.

10-njy awgustda hormatly Prezidentimiz «VINСI» toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgi bilen duşuşdy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşýan fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljekde hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmasyny tassyklap, birnäçe anyk tekliplerini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz beýan edilenleri goldap, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan uly işler bilen baglylykda, kompaniýany bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

Şonuň ýaly-da, 10-njy awgustda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowany kabul etdi. Şunda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň düzüm bölekleriniň arasyndaky däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, şol sanda ileri tutulýan ykdysadyýet, söwda, energetika, daşky gurşaw we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy geljekde hem pugtalandyrmak barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Hazar ykdysady forumyň esaslandyrylmagy we onuň ilkinji gezek geçirilmegi Türkmenistanyň sebitiň häzirki zaman ählumumy işlerine üstünlikli goşulyşýandygyny, onuň halkara hyzmatdaşlygynyň ygtybarly hem-de durnukly halkasy hökmünde eýeleýän möhüm ornuny aýdyňlygy bilen görkezýär.

11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy. Milli Liderimiz däp bolan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde bolan duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. 11-nji awgustda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem işewürlik duşuşygynyň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Boýko Borisow taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna täze okgunly depgin bermäge hem-de onuň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň geljekde hem ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň ugry, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikleriň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

“Nesil” gazeti,

13.08.2019ý.