“ÝURDUMYZ BERKARAR, ÝOLUMYZ ÝAGTY, ÝAŞLAR WATANMYZYŇ BUÝSANJY BAGTY”

Berkararlykdan binýat bolan Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar baradaky alada aýratyn üns berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, ýaş nesliň saglygyny berkitmek, olara ýokary derejede bilim bermek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy bolup geçirilip «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şol Resminama laýyklykda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümi döredildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak bilen, olaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da berkdigine gözli şaýat bolduk.  Bu bolsa ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik başlangyçlarynyň kämilleşmegine badalgadyr. Arzuwlar üçin dynuwsyz edilen hereket irde-giçde mysal tapýar. Ynsanyň kalbynda ýaşlykda peýda bolan uly maksatlar, höwesler onuň geljekki üstünlikleriniň binýady bolýar. Biziň ýurdumyz bolsa, zähmetsöýer ýaşlaryň beýik arzuw-maksatlarynyň myradyna gowuşýan ülkesi. Munuň şeýledigine edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde tapawutlanan ýaşlaryň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly adyň berilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu baýraga mynasyp görlen ýaşlara şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Her ýyl däp bolşy ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri bu abraýly baýragyň eýeleri bolýarlar. Şu ýyl taryhy kalplarymyzyň röwşenine öwrülen wajyp senelere baý boldy. «Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär» diýleni “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy bilen goşalanyp geldi. Şol mynasybetli hem TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi “Ýurdumyz Berkarar, ýolumyz ýagty, ýaşlar Watanmyzyň buýsanjy bagty” ady bilen Balkanabat şäherindäki  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň faýesinde welaýatymyzyň talyplarynyň we edara-kärhanada zähmet çekýän  ýaşlarynyň arasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Ýaşlaryň alkyşnamalary we ýürek buýsançlary döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR