DÖWRÜMIZ BAR DÖWÜRLERDEN ZYÝADA HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASYNDA

Okunly barýan döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Gazanylýan ösüşlere bolsa bu günki bagtyýar ýaşlar ähli pudaklarda zähmet çekmek bilen özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr” diýen sözlerinden ugur alyp,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, ýaşlaryň ähli taraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri barada ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi, “Türkmennebit” DK-niň şahamçasy  bilen bilelikde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda baýramçylyk duşuşygyny gurnady. Ajaýyp pursatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Mähriban we Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, bütin türkmen halkymyzy, Guramanyň agzybir we zähmetsöýer işgärlerini we işjeň agzalaryny şeýle hem mähriban ýaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikler, rowaçlyklar arzuw edildi. Şeýle hem çäräniň ahyrynda “Halkyň Arkadagly zamanasynda” geçirilen çärelere işjeň gatnaşan talyp ýaşlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Şadurdy GOWŞAKOW,

TMÝG-niň Balkanabat şäher

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR