Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Bilim ministrliginiň yglan eden “Merdana nesil - 2022” atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. TMÝG-niň Balkan welaýat we welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guran bäsleşigine onuň etrap-şäher tapgyrlarynda zehin-başarnygy arkaly deň-duşlaryndan tapawutlanan oglanjyklar gatnaşdylar.
Şol gün Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda bagtyýar çagalar welaýatymyzyň çar künjünden gelen zehinli deň-duşlarynyň gyzykly çykyşlaryna tomaşa etmek üçin bu ýere ýygnandylar. Bäsleşigiň esasy maksady Arkadagly Serdarymyzyň„Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr“ - diýen sözlerden ugur alyp, türkmen çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakda, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň ilkinji şerti boýunça türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen çykyş etdiler.
Ikinji şert bolsa bäsdeşler çaga durmuşynda gabat gelýän gülkili wakalary ýekelikde şorta sözi, sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.
Üçünji şertde bäsleşige gatnaşýan merdana nesiller Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde hem birek-birekden kem durmadylar. Bäsleşikde 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Söýenç Maşadow, 2-nji oruna Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň 18-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Orazgylyjow Baýramgeldi, 3-nji oruna Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Rejepmyradow Pälwan dagylar ýeňiji boldylar.Şatlyk-şowhuna beslenen “Merdana nesil-2022” bäsleşiginde ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.