“BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÝAŞLAR”

Gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar-ösüp gelýän nesli baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ruhy sagdynlygyny kesgitleýär.”Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi hem-de olaryň gurluşyklary giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar.

Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe Türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär.

Şu mümkinçiliklerden ugur alyp TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar” atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler adamlaryň ykbalyna dahylly bolmak ýaly ýörelgede nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyz ýurduň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly dessurlaryna üýtgewsiz eýerdi we öz aýlygynyň bir bölegini Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna yzygiderli geçirdi. Bu gaznanyň esaslandyrylan gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda giň gerimli işler geçirilýär diýip  giňişleýin bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň saglygy we abadançylygy hakynda edilýän ýadawsyz tagallalar, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda çagalaryň durmuşy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we ukyplaryny açmaklary ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, hem-de bu işleri mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan ediler.

 

S. MYRADOW,

TMÝG-niň Magtymguly etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR