«GEÇMIŞDEN GELJEGE ÝAGTY ÝADYGÄR-MEDENI MIRASYM DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynşy döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene- mamalarymyzyň, gelin –gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylarydyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän işleriniň ählisi-de nesip sungat hasaplanylýar.

Milli lybaslarymyzdaky her bir nagyşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Ata watanymyzda bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Geçmişden geljege ýagty ýadygär-medeni mirasym dünýä ýaň salýar»  atly şygar astynda el işleriň bäsleşigini gurnadylar. Bu bäsleşikde çykyş edenler  milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir diýip bellediler. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häziriki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär diýip dabara gatnaşan mugallymlar buýsanç bilen bellediler.

 

S.MYRADOW,

TMÝG-niň Magtymguly

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR