Maşgala bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgalada maşgala agzalary näçe agzybir bolsa, maşgalabaşynyň sözi söz ýerinde ýöreýän bolsa şol öýe döwletem geler, mertebede. Türkmençilikde “Bina bolmasa-binýat bolmaýar” diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy bilen, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk bolýar, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň roly gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň nusgasy bolup çykyş etse, enäniň roly mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelinem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa bagtam şol öýe hemişe gülip bakar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulylaryň sözi ýöreýän ýerde bolýandyr. “Ulynyň aýdanyny etmedik-uwlar!” diýilmegem, ulylaryň sözüniň ýöremeýän ýerinde, diýeni edilmeýän öýünde agzalalygyň, dawa-jenjeliň, oňşuksyzlygyň bolýandygyny aňladýar. Maşgala agzalaryň hersi öz orunlarynda durup, birek-birege düşünişseler, ol ojak agzybir, bagtly öý hasaplanylýar. Bir dana “Nähili maşgalany bagtly maşgala hasaplaýarsyňyz?” diýip sorag berlende ol: “Birek-birege düşünişýän maşgala bagtlydyr” diýip jogap beripdir. Biziň halkymyzyň milli medeniýetinde aýal-gyzlary sylamak, olara hormat goýmak ata-babadan gelýän däp-dessurdyr. Şu maksat bilen TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölümi bilen bilelikde ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Edep başy maşgaladan başlanýar” ady bilen orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.