BARSAN HASAR DAGYNDADYR

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

“Hasar dagy beýik bolar,

Üsti  doly keýik bolar,

Mergenleri seýik bolar,

Barsaň, Hasar dagyndadyr” -

 diýip waspyny ýetiren Hasar hem Sünt daglary täsinliklere baý hem gözel görnüşe eýedirler. Sünt-Hasar daglarynyň baý ösümlik hem haýwanat dünýäsi bar. Köpetdagyň günorta- günbatar sebitinde ýerleşýän bu daglarda saýaly ösümlikleriň 1300-den gowrak görnüşi ösýär. Şol ösümlikleriň käbir görnüşleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde duş gelmeýänligi bilen hem meşhurlyga eýedirler. Günorta-Günbatar Köpetdagda ösýän ösümlikleriň, duş gelýän ýabany haýwanlaryň ençeme görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir we olar aýratyn goralmaga hem-de köpeldilmäge degişlidir.

Bu sebitde Sumbar hem Çendir jülgeleri indi ençeme ýyl bäri dünýä jahankeşdeleriniň, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Täsinlige hem gözel görnüşe eýe bolan Sumbar jülgesiniň aşak taraplary gyşynyň maýyldygy, tomsunyň salkyndygy, beýleki ýerlere garanyňda ygalyň köpräk düşýändigi, umuman, howa ýagdaýynyň amatlydygy bilen tapawutlanýar. Dag eňňitlerinde nar, injir, alma, armyt, üzüm, badam, pisse, ýaly miweli agaçlar ýabany görnüşde ösýärler.

Sünt-hasar daglarynyň ýene bir täsinligi bu sebitde selmelek ösümliginiň ösýändigidir. Onuň türkmen selmelegi görnüşi dünýäde ýeketäkdigi bilen meşhurdyr. Ol Sünt-Hasar daglarynyň günorta eňňidinde ösýär.

Barsaň göwnüň açylýan başy belent, dik gaýaly daglaryň ýene bir bezegi türkmen arçasydyr. Boýy 15-20 metre çenli ýetýän bu pürli agaç, esasan, tohumyndan köpeldilýär. Şahasyndan we birýyllyk baldagyndan hem köpeldip bolýar. Türkmen arçasy Balkan daglarynda hem giňden ýaýrandyr.

Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bilen çäklenmän, eýsem olaryň sanyny, görnüşlerini köpeltmek ugrynda hem uly tagalla edýärler, ösümlikleriň nahallaryny ekip köpeldýärler. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goraglylygynyň netijesinde Sumbar we Çendir jülgelerinde, olaryň töwereklerinde tokaýlyklar emele gelýär, şonuň bilen birlikde, ýabany haýwanlaryň sany hem köpelýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada alyp barýan syýasaty özüniň oňat netijesini berýär. Şeýle tebigat gözelliklerini gorap saklamak bolsa, geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly peşgeşdir.

 

Maýsa AÝYDOWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR