ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň hukuklary goralyp, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy özüniň döredilen gününden bäri uly işleri amala aşyryp gelýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda biz guramamyzyň döredilen gününi has-da üýtgeşik, ýakymly duýgular bilen belleýäris. Sebäbi hut şu ajaýyp ýylda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara ýol bermek baradaky nesihatyndan ugur alnyp, ýurdumyzda Prezident saýlawlary geçirildi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň belent ynamyna mynasyp bolup, döwlet Baştutanlygyna saýlanyldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýram edilýän gününde bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi hem-de oňa Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşyp, türkmen ýaşlarynyň öňünde çykyş etmegi, „Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi biziň üçin ýatdan çykmajak şatlykly we taryhy waka öwrüldi.

Gurultaýdaky çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiziň: „Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär“ diýip, aýratyn nygtap aýtmagy bizi has-da begendirdi. Şonuň üçinem ýaş nesliň watansöýüji bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, olaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, mahlasy, her bir ýaş oglan-gyzda nusgalyk, iň ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek boýunça öňümizde goýlan belent wezipelere hötde gelmäge esasy borjumyz hökmünde garaýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty barha rowaçlanýar. Ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime, bedenterbiýä we sporta höwesi, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjek ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni bilen Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy, türkmen ýaşlaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ýaşlar barada ýadawsyz alada edýän, olaryň hakyky watançy, il-halkyny söýýän belent adamkärçilikli, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Gülşat GULYÝEWA,

TMÝG-niň Gumdag şäher

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR