Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha ýokarlandyrmak, maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, hususan-da, ilatyň saglygyny berkitmek we ony gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ilatyň saglygyny goramakda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde “Sagdyn beden-de - sagdyn ruh” diýen kämil ýörelgä uýýan hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyna jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde garaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylan ilkinji günlerinden başlap, saglygy goraýyş, sport, ylym, bilim ulgamlary hil taýdan ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baştutanymyz türkmen jemgyýetinde bilime sarpa goýmak meselesini aýratyn zerurlyk hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän dürli derejedäki mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň üznüksiz kämilleşdirilmegi üçin edilýän aladalar, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, adalatly jemgyýeti hem-de üstünlikli ösýän demokratik döwleti gurmak, bilimli nesli kemala getirmek üçin esasy meseleleri çözmek bilen baglanşykly alnyp barylýan işler bu ulgamyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýşy we bedenterbiýe-sporty ösdürmäge aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň beden taýdan berk bolmagyny has-da gowulandyrmak, ömürlerini uzaltmak babatynda durmuşa geçirilýän çäreler, işler bimöçberdir. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginde bina edilýän yzygiderli ulanylmaga berilýän saglyk merkezleridir, öýleri, sport mekdeplerdir toplumlary, stadionlar hem aýdyň şaýatdyr. Olaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlaryň oturdylmagy-da ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň näderejede ileri tutulýandygynyň şöhlelenmesidir. Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäniň we sportuň her bir adamyň beden taýdan berk, ruhy taýdan baý bolmagynda ähmiýeti juda uludyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ynsan diňe bir beden taýdan tapawutlanman, eýsem onyň dünýägaraýşy, gözýetimi giňeýär, ruhy hem belent bolýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň nurana günlerinde Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, “Türkmenistan” ÝaBSG-nyň Balkan welaýat bölümi, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TKA-nyň Balkan welaýat birleşigi, TDP-nyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda oglan-gyzlaryň arasynda Balkanabat şäheriniň orta mekdepleriniň sport zalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirdi.Oglanlaryň arasynda geçirilen sportuň ýeňil atletika boýunça ýaryşynda 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebi, 2-nji oruna “Çagalar öýi”, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 18-nji orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar. Gyzlaryň arasynda geçirilen sportuň ýeňil atletika boýunça ýaryşynda 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 16-njy orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar.
Oglanlaryň arasynda geçirilen sportuň estafeta boýunça ýaryşynda 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar. Gyzlaryň arasynda geçirilen sportuň estafeta boýunça ýaryşynda 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň 11-nji orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar.
Çekeleşikli geçen ýaryşda sportuň kiçi futboly boýunça 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 9-njy orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň 11-nji orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar.
Sportuň woleýbol görnüşi boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşda bolsa 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar.Gyzlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşda bolsa 1-nji oruna Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebi, 2-nji oruna Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi, 3-nji oruna Balkanabat şäheriniň 7-nji orta mekdebi ýeňiji bolmagy başardylar.
Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça ýaryşda üstünlikli çykyş eden türgenlere “Türkmenistan” ÝaBSG-nyň Balkan welaýat bölüminiň Hormat hatlary we jemgyýetçilik guramalaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.