“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ulydan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdüriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda “Parahatçylyk çagalaryň sesi” ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ösüşi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz (maket görnüşi) , “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edilmeli. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak şertleri boýunça mekdep okuwçylar bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda “Dünýä dursun parahat!” diýen temada düzme ýazmak boýunça I orna Serdar şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Tasymowa Aýlar, II orna Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ýusubowa Merýem, III orna Amangylyjowa Towşan ýeňiji boldular. Bäsleşigiň parahatçylygy wasp etmekde maket ýasamak boýunça I orna Serdar şäheriniň ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Döwranow Nurmuhammet, II orna Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gurtgylyjow Tagan, III orna Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Emine Ibadullaýewa ýeňiji bolmany başardylar. Döredijilik bäsleşiginiň surat eserleri çekmek boýunça I orna Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şanurowa Bägül, II orna Serdar şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ataýewa Gülnar , III orna bolsa Balkanabar şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň okuwçysy Amangylyjowa Towşan ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçyluk bölüminiň müdiri.