Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şan-şöhrata dolan taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenendigini açyk-aýdyň görýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly ýyllaryň her birine mahsus bolşy ýaly, türkmen gallaçylary Watan harmanyny beýgeldip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen amal etdiler. Şu ýyl ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň, miweleriň hem bol hasyly ýygnaldy. Maldarlarymyz mallaryň baş sanyny köpeltmekde we ilaty et-süýt önümleri bilen üpjün etmekde zähmet üstünliklerini gazandylar. Şanly ýylyň hoş habarlary suw bilen üpjünçilik, tebigaty goramak ýaly ugurlarda hem seýrek bolmady. Başda bellenip geçilen ugurlaryň ählisinde işleriň döwrebap usullarda alnyp barylmagy olaryň netijeliligini artdyrdy. Başgaça aýtsak, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda sanly ulgamyň ösen mümkinçilikleri oba hojalygyna hem giňden ornaşdyrylýar. Häzir bu ulgam ekinleri takyk ekmek, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen ideg etmek, kemala gelen hasyly isrip etmän ýygyp almak, ýerleri netijeli peýdalanmak we tygşytly suwarmak ýaly işlerde giňden ulanylýar. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran oba hojalyk özgertmeleriniň hem bagtyýar watandaşlarymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogandygyny aýtmak gerek. Hasyl toýunda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyjy bilen, öňdebaryjy daýhanlara, zähmet ussatlaryna ýörite Perman bilen Şa serpaýlary ýapylýar, hormatly atlar dakylýar. Bularyň ählisi Güneşli Diýarymyzda bellenilýän bu toýuň baýramçylyk öwüşgünini bütin Ýer ýüzüne ýaýýar. Her ýyl bolşy ýaly, bu şanly sene «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýatdan çykmajak ýakymly dabaralara beslendi. Ýagny Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän şeýle ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Balkan welaýat häkimligi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde zähmetkeş daýhanlaryň arasynda Hasyl toýuny guramaçylykly geçirdi. Welaýatymyzyň Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşan ildeşlerimize ýatdan çykmajak ruhy lezzet paýlady. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan welaýatymyzyň oba hojalygynyň we gaýtadan işleýän senagatynyň gazananlarynyň sergisine baryp gördüler. Sergide oba-senagat toplumynyň ähli edaralary öz işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk senagaty, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri, täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy uly dabaralara beslenen Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Goý, döwletli Diýarymyzda toýlar toýa ulaşsyn! Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent tutumlary rowaçlyklara beslensin! Türkmenistan döwletimiziň dowamaty dowam bolsun.
E.Annageldiýewa,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.