“BILIMLI-BEÝIK BAGTYŇ BUŞLUKÇYSY”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijeleri berýär. Häzirki wagtda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlary öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan işjeň ýagdaýda peýdalanmak ösüşi we rowaçlygy üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän işlerde ylym-bilimi yzygiderli kämilleşdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Şonuň netijesinde ýaş nesliň döwrebap terbiýe we bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, dünýä dillerinden oňat baş çykarmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetimizde peýdalanmagyň ugurlary kesgitlendi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetde ylmyň iň täze gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi ylym-bilimiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem oňyn täsir edýändigini görkezýär. Şonuň üçin hem ylmyň we bilimiň ösýän ýurdunda belent üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilimiň ösýän ýurdunda giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary taýýarlamaga berilýän üns-alada hemişe esasy orunda durýar. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup, sanly ykdysadyýetiň hem ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, dünýä dillerinden oňat baş çykarmagy geljekki ösüşlere ýardam edýär. Bu ösüşleriň dowamat dowam bolmagyny, belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegini aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylymly, bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, dünýäniň iň täze tehnologiýalaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ylym-bilimiň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdeplerinde iň täze kompýuter enjamlary ornaşdyryldy. Mekdepleriň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň gözýetimini giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol okuw-terbiýeçilik işiniň mazmunyny çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Sapaklar döwrebap derejede ýola goýlup, bilimiň hili üznüksiz ýokarlandyrylýar we many-mazmun taýdan kämilleşdirilýär. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp üstünlik gazanýarlar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Balkan welaýatynyň Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Zehinli ýaşlar-Watan geljegi” ady bilen ylmy taslama işleri boýunça bäsleşigi geçirilip onda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary tapawutlanyp 1-nji oruna Gurbanowa Ogulşat, 2-nji oruna Altyýewa Meretsoltan, 3-nji oruna Mukgaýewa Şasoltan mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň we Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň arasynda “Ylymly ýaşlar-täze eýýamyň galkynyşy döwrüniň binýady” ady bilen ylmy taslama işleri boýunça bäsleşiginde bolsa 1-nji orun Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň 4-nji ýyl talyby Kerwenow Ýusup. 2-nji oruna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň 3-nji ýyl talyby Annamyradow Hezretmyrat, 3-nji oruna Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Hojageldiýew Rüstem mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşigiň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-bilimi ösdürmäge, ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR