12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylary — Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar. Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy.
Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek meselesi Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde bäş döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi hyzmatdaşlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Awazada birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi Hazar meseleleri boýunça ulgamlaýyn, köp derejeli hem-de yzygiderli gepleşikler üçin täze täsirli binýat bolup durýar.
HYF-nyň maksatnamasynyň baý mazmunda bolandygy aýratyn bellärliklidir. 11-nji awgustda onuň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi, «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi guraldy, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet, ulag ministrleriniň hem-de işewürleriniň duşuşyklary, birža söwdalary, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz irden «Awaza» Kongresler merkezine geldi. Milli Liderimiz we birinji Hazar ykdysady forumyna gelen belent mertebeli myhmanlar forumyň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, Mejlisler zalyna barýarlar we özleri üçin ýörite bellenilen hormatly orunlara geçýärler.
Birinji Hazar ykdysady forumy dabaraly ýagdaýda açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň geljekki ösüşiniň, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ugurlaryny kesgitlemek bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň üstüni innowasion mazmunlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmak maksadynda anyk teklipleri beýan etdi. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde döwlet Baştutanymyz halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmegi we ony «Hazaryň innowasion şäheri» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu ýerde, Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde bilelikde işlenip, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalary, Hazar meselesiniň köp ugurlary — energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlanylyp bilner.
Soňra belent mertebeli myhmanlara, Hazarýaka ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlaryna söz berildi. Çykyş edenler sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirmek üçin meýdança öwrülen birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede geçirilýändigini bellediler we şeýle ähmiýetli forumy geçirmek baradaky başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Hazar deňzinde halkara we sebitleýin ulag geçelgeleriniň döredilmegini hem-de ösdürilmegini sebitiň ykdysadyýetiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan esasy şertleriň biri hökmünde görkezdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygy barada aýtdy. Şunlukda, ol Eýranyň sebitiň ýurtlaryna özüniň ulag-üstaşyr düzümleriniň mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, ulag, energetika we ekologiýa ugurlarynda bilelikde birnäçe çäreleri geçirmek boýunça tekliplerini beýan etdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy öz çykyşynda hyzmatdaşlygyň mineral energiýa serişdeler, energetika, söwda, ulag üstaşyr, innowasiýa, şeýle hem ekologiýa ugurlaryna ünsi çekdi. Jenap Dmitriý Medwedew ikinji Hazar ykdysady forumyny Astrahanda geçirmegi teklip etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar özlerine berlen sowallara jogap berdiler.
Şol gün döwlet Baştutanymyz birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
* * *
Soňra birinji Hazar ykdysady forumy öz işini umumy mejlis görnüşde dowam etdi. Mejlis Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly häzirki zaman dünýä ösüşiniň örän möhüm ulgamynda mynasyp bolan halkara ykrarnamasyna şaýatlyk edýän şanly waka bilen başlandy. 8-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan gerimi boýunça täsin waka — ekologiýa boýunça okuw sapagy geçirildi, oňa üç müň adam gatnaşdy. Bu okuw sapagy 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan geçirilen iň uly ekologiýa sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemij dabaraly ýagdaýda degişli Güwänamasyny gowşurdy.
Soňra umumy mejlis öz işini dowam etdi. Mejlisde abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň esasy düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, şeýle hem dürli döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda birinji Hazar ykdysady forumy «Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk», «Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi», «Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri», «Hazar sebitinde senagatyň ösdürilmegi», «Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet», «Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk» atly ýörite bölümlerde mejlisler dowam etdirildi.