Häzirki tennis gözbaşyny «že-de-pom» atly gadymy fransuz oýnundan alyp gaýdýar. Şol oýun boýunça ýaryşlar ýapyk binalarda guralypdyr. Onuň dörän döwri hasaplanylýan ХI asyrda ýaryşlar tor çekilmän geçirilipdir, top bolsa el bilen gaýtarylypdyr. ХVI asyrdan başlap bolsa «že-de-pom» oýny raketka bilen oýnalyp başlanýar.
XVII asyryň başynda Parižde 250-den gowrak ýöriteleşdirilen tennis kortlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şondan soň bu oýna «tennis» diýlip at berilýär.
1872-nji ýylda Fransiýanyň Limington şypahanasynda ilkinji tennis kluby döredilýär. Tennis XIX asyryň ahyrynda Awstraliýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, soňra bolsa beýleki döwletlerde giňden ýaýrapdyr.
1877-nji ýylda birinji «Uimbldon» ýaryşy geçirilýär. Täze ýaryş bada-bat uly meşhurlyga eýe bolup, tennisiň 1896-njy ýylyň Olimpiadasynyň maksatnamasyna girizilmegine getirýär.
Garward uniwersitetiniň talyby Duaýt Dewis 1900-nji ýylda ilkinji halkara kubogy ugrundaky ýaryşy döredip, tennisiň taryhynda özboluşly yz goýdy. Soňra bu ýaryş «Dewisiň kubogy» adyna eýe boldy. Bu bäsleşik biziň günlerimizde hem geçirilip, sport dünýäsinde iň abraýly ýaryşlaryň biri bolmagynda galýar.
Aýal-gyzlaryň arasynda toparlaýyn ýaryş 1963-nji ýyldan geçirilip başlanýar we «Federasiýanyň kubogy» 1928-nji ýyldan sportuň professional görnüşi hökmünde tennis Halkara Olimpiýa komitetiniň maksatnamasyndan aýrylýar we uzak wagtlap Olimpiýa oýunlaryna goşulmaýar. Diňe 1988-nji ýyldaky XXIV Olimpiýa oýunlarynda tennis resmi ýagdaýda Olimpiýa ýaryşlarynyň maksatnamasyna dolanyp gelýär.
Ogulgurban WELMYRADOWA,
sport synçysy.