Ýeňil atletika öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdyp, ilkinji olimpiýa ylgawy biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýyla degişlidir. Şonda ýaryşlar stadionyň uzynlygyna laýyklykda, 192,27 metr aralyga ylgamak boýunça guralypdyr. Gresiýada bolan bu ýaryşlar ýeňil atletika maşklaryny hem öz içine alypdyr. Ýyllaryň geçmegi bilen bu ýaryşlaryň birnäçe tapgyrlary ýüze çykypdyr. Käbir çeşmelerde estafeta ylgawynyň hem biziň eýýamymyzdan öň dörändigi baradaky maglumatlaryň bardygyny bellemek gerek.
Ýeňil atletikada ýaryşlar tomusky we gyşky görnüşler diýen ugurlara bölünip, gyşky ýaryşlar üsti ýapyk desgalarda geçirilýär.
Dürli aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek we zyňmak boýunça ýaryşlar gadymy olimpiadalarda geçirilipdir. Häzirki zaman sportunyň taryhynda ýeňil atletika sportuň tomusky olimpiadalaryň ählisinde wekilçilik eden ýeke-täk görnüşi bolup durýar.
Beýik Britaniýanyň Regbi şäherçesinde 1837-nji ýylda iki uniwersitetiň talyplarynyň arasynda 2 müň metr aralyga ylgamak boýunça ýaryş geçirilip, häzirki zaman ýeňil atletika sporty şol ýyldanam döredi diýlip hasap edilýär.
Halkara ýeňil atletika federasiýasy (IAAF) 1912-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 200-den gowrak ýurduň milli sport guramalaryny birleşdirýär.
1896-njy ýylda geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika sporty boýunça diňe erkek adamlar 9 görnüş boýunça çykyş edipdirler.
Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty 1983-nji ýyldan geçirilip başlandy we ol her 2 ýyldan guralýar.
Häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň we ýeňil atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatlarynyň maksatnamalaryna erkekler üçin 24 görnüş, zenanlar üçin 23 görnüş goşulandyr.
1986-njy ýyldan ýeňil atletika boýunça üsti ýapyk desgalarda dünýä birinjiligi geçirilip başlandy.
1913-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Demirýolçular sport jemgyýetinde ýeňil atletika boýunça ilkinji bäsleşikler geçirilip, şol ýyl Türkmenistanda ýeňil atletika sportunyň dörän ýyly diýlip hasap edilýär.
Taýýarlan
Annageldi GADAMOW,
TDB we SI-niň bedenterbiýe
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.