«PELÄNIŇ GÜNI»

Braziliýada 19-njy noýabr «Peläniň güni» hökmünde bellenilýär. Hut şol gün braziliýaly futbolçy Edson Arantes du Nasimentu futbol ýolunyň dowamynda geçiren toplarynyň sanyny 1000-e ýetirmegiň hötdesinden gelýär.

1969-njy ýylyň 19-njy noýabrynda ol çykyş edýän topary «Santosyň» «Wasku da Gama» garşy geçiren duşuşygynda 11 metrlik urgudan tapawutlanýar. Şol oýnuň yzysüresi Braziliýanyň hökümetiniň bu taryhy waka bilen bagly ýörite poçta markasyny çykarandygyny bellemek gerek.

XX asyryň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edilen Pele lakamy bilen hakydalarda galan bu futbolçynyň futbol ýolunyň dowamynda netijeli urgularyň 1091-sini geçirendigi barada brazil metbugatynda bellenilýär.

 

 

Ogulnobat ATAÝEWA,

sport synçysy.