DÜNÝÄ ÇEMPIONATY – 2022: TÄZE ÝYLDYZLAR

Bütin dünýäniň futbol muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol baýramçylygy – futbol boýunça dünýä çempionaty ýetip geldi. Hawa, her dört ýylda futbol ýyldyzlaryny bir ýere jemleýän baýramçylyk özüni birkemsiz görkezen tejribeli futbolçylar bilen birlikde, geljegine umyt bilen garalýan ýaş zehinlere hem özlerini görkezmäge gowy mümkinçilik döreýär. Bu şeýle-de bolaýmaly. Hernäme diýseňem, futbol meýdany zehinleri ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döredýär. Gazetimiziň şu sanynda mundan öňki dünýä birinjiliklerinde özlerine ýol arçan futbol ýyldyzlary bilen birlikde Katar – 2022-de özlerini birkemsiz görkezer diýlip umyt edilýän oýunçylar hakynda-da gürrüň ederis.

Dünýä çempionatynyň ilkinjisiniň 1930-njy ýylda geçirilendigine garamazdan, onda çykyş edýän ýaş oýunçylara baýraklaryň gowşurylmagy diňe 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen bäsleşikde ýola goýuldy. Ýogsa, dünýä çempionatynyň iň ökde oýunçylaryna niýetlenen baýraklar ilkinji bäsleşiklerden bäri gowşurylyp gelinýär. 21 ýaşa çenli oýunça gowşurylýan baýragyň ilkinjisine Germaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lukas Podolski mynasyp boldy. 2010-njy ýylda onuň ildeşi 20 ýaşly Tomas Mýullere taý tapylmandy. Ondan soň fransuzlaryň döwri başlanypdy. 2014-nji ýylda Pol Pogba öňe saýlanan bolsa, 2018-nji ýylda bu «kürsä» Kilian Mbappe mynasyp görüldi.

Öňki dünýä birinjiliklerinde hem ýaş zehinleriň ýüze çykandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Ýöne ol resmi ýagdaýda hasaba alynmandy. Şeýlelikde, FIFA bu ýagdaýy düzetmegiň ugruna tizden-tiz çykmagy esasy maksady edindi. Ýakynda bu guramanyň resmi saýtynda 1958 – 2002-nji ýyllaryň aralygynda geçirilen dünýä birinjiliklerinde öňe saýlanan ýaş futbolçylara ses bermäge mümkinçilik döredildi. Geçirilen ses berlişigiň resmi ýagdaýda kabul edilendigini bellemek gerek.

Umuman, geçilen 44 ýylyň dowamynda futboluň şasy Pelä taý tapylmady. 1958-nji ýylyň dünýä birinjiliginde Pele 17 ýaşynda ussatlygyny görkezmegi başarypdy. Umumy sanawda ikinji, üçünji orunlary peruwly Teofilo Kubilýas (dünýä çempionatyndaky ilkinji çykyşy 1970-nji ýyla gabat gelipdi) bilen Maýkl Ouen (dünýä çempionatyndaky ilkinji çykyşy 1998-nji ýyla gabat gelipdi) eýelediler.

Geliň, gowusy sanawa doly düşünmek üçin, ony geçirilen çempionatlar boýunça seljereliň! 1958-nji ýylda ýaňy hem belleýşimiz ýaly, Pelä taý tapylmady. 1962-nji ýylda wengriýaly Florian Albert öňe saýlanan bolsa, 1966-njy ýyl dünýä futboly Frans Bekkenbaueriň adyny ilkinji gezek eşidipdi. 1974-nji ýyldaky çempionatda polşaly Wladislaw Žmuda ýokarky basgançagy eýeledi. 1978-nji ýylda italiýaly Antonio Kabrini, 1982-nji ýylda fransiýaly Manuel Amoro, 1986-njy ýylda belgiýaly Enso Şifo, 1990-njy ýylda şol wagtky Ýugoslawiýanyň oýunçysy Robert Prosineçki, 1994-nji ýylda niderlandly Mark Owermars, 1998-nji ýylda angliýaly Maýkl Ouen, 2002-nji ýylda bolsa ABŞ-ly Lendon Donowan ses berlişigiň netijesinde öz döwrüniň iň ýaş zehinleri diýlip saýlanyldy.

Ýokarda ady agzalan futbolçylaryň hemmesiniň soňlugynda ýokary derejede oýnandygyny tekrarlasaň hakykatdan daş düşjegiň gümansyz. Lendon Donowany alanyňda hem şeýle netijä gelýärsiň. Dogry, ol «Baýer», «Bawariýa», «Ewerton» toparlarynyň düzüminde oýna giripdi. Ýöne onuň karýerasynyň aglaba böleginiň ABŞ-nyň «Los-Anjeles Geleksi» toparynda geçendigini hem aýtmak gerek. Polşaly Wladislaw Žmuda hakynda internet sahypalaryndan gözläýmeseň, ol barada eşitjek gümanyň ýok...

Indi Katar – 2022-ä dolanyp geleliň! Bu çempionatda hem topar derejesinde özüni görkezip ýetişen zehinli oýunçylaryň birgideni çykyş edýär. Ýöne olaryň arasynda çempionatda has tapawutly çykyş etjekleri bolsa az-azdyr. Geliň, gowusy şolaryň has netijeli çykyş etmegine garaşylýanlary hakynda gürrüň edeliň! Hünärmenleriň bellemeklerine görä, çempionatyň iň gowy ýaş futbolçysyna gowşurylýan baýraga iň mynasyby Dortmundyň «Borussiýasynda» çykyş edýän iňlis futbolçysy Jud Bellingem hasaplanylýar. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ilkinji dünýä birinjiligine gatnaşýan «Barselonanyň» oýunçysy Pedri hem özünden garaşylýan oýny doly derejede görkezip bilse, bu baýragy eýelemegi mümkin. «Bawariýada» çykyş edýän Germaniýanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň biri, 19 ýaşly Jamal Musialanyň dünýä çempionatyndaky çykyşynyň hem üns merkezinde boljakdygy ikuçsyzdyr.

 

Taýýarlan

Orazgeldi GELDIÝEW,

«Türkmen sporty» gazeti.