Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň 94-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Ýaşuly nesliň göreldesi-ýaşlara ýörelge” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärä etrabyň Ýaşlar guramasynyň, Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler, 16-njy noýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulylar geňeşiniň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşulular jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär” diýen ganatly jümlelerini belläp geçmek bilen, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýerip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, ylymly-bilimli, ýokary ahlakly şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns berendigi, täze taryhy eýýamymyzda hem bu ýörelgeleriň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi
ÝAŞULY NESLIŇ GÖRELDESI-ÝAŞLARA ÝÖRELGE
28 Noýabr 2022
1470

Meňzeş habarlar
24 Iýun 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ÇAGALAR BAGYNDAKY ŞADYÝANLYK
24 Iýun 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
EDEBIÝAT WE SUNGAT PARAHATÇYLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ...
24 Iýun 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>