Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Bu bolsa, türkmen çagalarynyň, okuwçy ýaşlaryň ruhy durmuşynyň günsaýyn gülläp ösmegine, olaryň perzentlik yhlasynyň, Watana bolan çuňňur söýgüsiniň ýaş ýüreklerinde hemişe joşup, zehinleriniň dolup-daşyp, şirin dilleriniň bilbil ýaly saýrap durmagyna täsir edýär. Golaýda, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik kiçi ýaşly oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp, kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň emin agzalaryna ýiti zehinli çagalaryň arasyndan ýeňijileri kesgitlemek aňsat düşmedi. Netije-de, ýokary guramaçylyk derejesinde, täsirli geçen bäsleşikde Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Meýlis Atamuradow 1-nji orna, S.Türkmenbaşy etrabynyň 77-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kemal Durdymädow 2-nji orna, Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýakup Altybaýew 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Goý, toý-baýrama beslenýän hemişelik Bitarap döwletimiz baky bagtyýar bolsun ! Ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.