“BAGTDAN PAÝLY TÜRKMEN ÝAŞLARY” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasy bilen bagly öňe süren teklipleriniň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Bagtdan paýly türkmen ýaşlary” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Bu çärä ykdysadyýet ugrundan bilim alýan Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Nurýagdy Weliýew, orta hünär okuw mekdebiň mugallymy Leýli Aýydowa hem-de 1-nji ýyl talyby Ýazdurdy Kakaýew dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde aýratyn hem ýaşlara bildirýän ynamy, ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän orny, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitler, öňde goýlan wezipeler dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Çärä gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 110 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 68 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI