Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz agrosenagat hem-de Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Daşoguz şäheriniň Ýaşlar merkezinde “Bitaraplyk bilen galkynan Watan” atly şygar astynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdi. Dabarada Daşoguz şäheriniň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Bu dabara uly ruhubelentlige beslendi.
***
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi, etrabyň salgyt bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda, “Ýaşlar – biziň geljegimizdir” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýaşlaryň arasynda durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler, ykdysadyýetiň täze üstünliklere rowaçlanmagynda ýaşlaryň goşýan goşandy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
***
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, etrabyň 29-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda, “Bilim bermegiň döwrebap binýady – ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň kepili” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäräni geçirmegiň maksady, ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan habarly bolmagyny üpjün etmek, ýurdumyzda bolup geçýän wakalary okuwçylaryň arasynda wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde, halkymyzyň hemmetaraplaýyn eşretli ýaşaýşy, ýaşlaryň doly derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri we olaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet derejesinde uly işleriň amala aşyrylýandygy, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklanýandygy, şeýle-de, ýurdumyzyň ertirki eýelerini asylly ýörelgelerimize eýermek, zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek barada giňişleýin gürrüň berdiler.