GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ESERINIŇ «ZÄHMETSÖÝERLIK – GAÝRATLYLYGYŇ GÖZBAŞY» BÖLÜMINDEN

Zähmet adamy adam edýär! Ýöne zähmetsöýerligi terbiýelemek aňsat iş däldir. Zähmet düşünjesiniň manysyna häzirki döwürdäki garaýyşlar dürli-dürlidir. Zähmetiň fiziki zähmet hem-de akyl zähmeti diýen ýaly görnüşleri bar. Olar öz arasynda umumy häsiýeti kemala getirýärler. Sebäbi ösen döwür islendik netijeli işiň akyl zähmet zähmeti bilen baglanyşykly ýagdaýlaryny döretdi. Indi şu ýerde meseläniň anyk esaslaryna dolanmakçy bolýaryn. Çünki zähmet barada ýaş nesillerimize terbiýe bermegiň özeni ilki bilen zähmetiň nämededigine düşünmekden başlanýar. Şu ýerde ýene bir ahwalyň göz öňünde tutulmagy gerek. Alyn derini saçyp, topraga yhlas edýän daýhan ýa-da örüde dowaryň yzynda gezip, gününi ötürýän çopan hem bilimi bilen netije gazanýar.

Ekerançynyň ýa maldaryň dürli tebigy hadysalarda, çylşyrymly durmuş pursatlarynda öz işini dogry we takyk ýerine ýetirmegi üçin onuň ýeterlik tejribesi hem-de bilimi hökman bolaýmalydyr. Çopan hem öz rysgal tapan çopan taýagyny hemme adama ynanmaýar. Ol gije, howanyň öwzaýy bozulyp, tupanly günlerde hem ugur-ýol saýgaryp bilmeli. Çopanyň yzçylykdan hem habary bolmaly. Işine ezber bolmagy üçin mal lukmançylygyna degişli bilimleri hem özleşdirýär. Ol meýdanyň ot-çöpüniň malyna peýdalysyny bilmeli, biologiýa babatdaky düşünjeleri hem tejribe arkaly aýdyňlaşdyrmagy gerekdir.

Daýhan öz işine ussat boljak bolsa, astranomiýa, geometriýa, fizika, biologiýa, himiýa babatda käbir düşünjeleri bilmeli. Halkymyzda topragyň, arassa suwuň goralmagyna aýratyn eserdeň garalypdyr. Bu häzirki döwürde-de ekologiýa boýunça talaplary üpjün edýär. Fiziki zähmet bilen ýerine ýetirilýän amallaryň tehnikalaşdyrylmagy ösüşli ýagdaýda dowam edýär. Täze tehnikalar oýlanylyp tapylýar. Şunlukda, zähmetiň diňe derňewler we esaslandyrylmalardaky mazmuny görünýär.

Zähmet barada diňe hereketler arkaly berjaý edilýän ýa-da diňe oýlanmak we döredijilik arkaly ýerine ýetirilýän zähmet diýilmegi hem dogry däldir. Bular zähmetiň bir düzüm bölegidir. Zähmet düşünjesiniň anyk kesgitlemesi netijelilikdedir. Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaş nesillerde rehimdarlygy, sahawatlylygy kemala getirmekde hem bähbitli bolar. Tebigata gezelenç edilen halatynda, her bir ösümligiň, jandarlaryň olarda täsir döretmegini gazanmalydyr. Bu tebigata söýgini oýarmak üçin derwaýysdyr. Mysal üçin, meýdanda ösüp oturan baglara tarap gelýän akaryň suwy ýagyş köp ýagsa, ugruny üýtgedip biler. Şonda ýaşlar suwsuzlykdan guraýan ýaş baglara geleň etmän, deňinden geçip bilýän bolsalar, onda bu gözellik baradaky garaýyşlaryň dogry kemala gelmändigini aňladýar. Ata-babalarymyz tebigaty söýmegi ýaşlaryň aňyna guýup, olarda rehimdarlygy kemala getiripdirler.

Hawa, ýöne akar öz ugruny üýtgetse, ol öz boýunda ýene baglary we ösümlikleriň dürli görnüşlerini ýetişdirer. Bu durmuşyň kanuny. Şol gözelligi duýup hem-de gorap bilmek bolsa, medeniýetlilik hem-de terbiýelilik. Zähmet çekmek hem şeýle maksatlar üçin örän derwaýys endik bolmalydyr. Uzakly gün çylşyrymly matematiki hasaplamalar bilen meşgullanmak daýhançylyk bilen utgaşykly alnyp barlanda, gowy dynç alynýar. Uly alymlaryň, ýazyjylary, akyldarlaryň durmuşy barada aýdylanlar hem zähmetiň netijeli ýaşamakdadygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda şäher ýerinde ýaşaýanlar hem özleri üçin howly edinmegi, onda hojalyk üçin gerekli önümleri ýetişdirmegi kem görmeýärler. Bu, elbetde, adamyň islegine bagly, durmuşda sagdyn ýaşamagyň ýörelgelerine nähili eýerýändigine baglydyr. Beden maşklary bilen meşgullanmagy gündelik endigine öwrüp, wagtly-wagtynda sport toplumlarynda türgenleşýän ildeşlerimiz has hem köpdür.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR