Ussatlar unudylmaýar
Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary bilen türkmen sungaty dünýä ýaýylýar. Çünki sungat milletiň aýnasydyr. Türkmen sungatynyň ägirtleriniň döreden eserleri sungat äleminiň öçmejek gymmatlyklary bolup bizi buýsandyrýar. Ömrüni sungatyň gözel dünýäsine bagyş eden ussatlarymyz halk hakydasynda baky ýaşaýarlar. Sungatyň saz dünýäsine özüniň saldamly goşandyny goşup, saz äleminiň bir parçasyna öwrülmegi başaran ussat kompozitorlaryň biri-de Hydyr Allanurowdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitabynda: «Saz sungaty kompozitorlaryň we sazandalaryň nesliniň ösüp ýetişen, milli eserleriň peýda bolan täze tapgyryna gadam goýdy. Kompozitorlar Weli Muhadow, Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, dirižýor Hydyr Allanurow, aýdymçy zenanlar Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa ilkinji professional sazandalar we aýdymçylar boldular» diýip ýazmak bilen, halypalary hatyralamagyň göreldesini görkezýär.
Hydyr Allanurow türkmen saz medeniýetinde iň bir joşgunly, örän zehinli, beýik ynsandyr. Ol ilkinji professional türkmen dirižýorydyr. Ol ýewropa kompozitorlarynyň eserleri bilen birlikde türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň hem dünýä meşhur bolmagy üçin yhlasly zähmet çekýär. Dirižýorlyk edýän her bir eserine jany-teni bilen berilýär.
Hydyr Allanurow 1922-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. 1936-njy ýylda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär we 1937-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň dirižýorlyk bölümine geçirilýär. Ol sungatyň beýik ussatlary bolan W.Muhadow, A.Kulyýew, M.Kulyýewa bilen birlikde bilim alýar. Şol döwürlerde ol ýerde aýdymçylar Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, baletmeýster Goşa Japarow okaýardy.
Hydyr Allanurow 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda dirižýor bolup, özüniň döredijilik ýoluna başlaýar. Bu ýerde ömrüniň ahyryna çenli dirižýor, baş dirižýor bolup zähmet çekýär. Ol birnäçe orkestr sazandalaryna, opera aýdymçylaryna, dirižýorlara halypalyk edýär. Onuň esasy şägirtleriniň biri, Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baş dirižýory, çeper ýolbaşçysy Aşyr Hojatow öz ýatlamalarynda: «Talyplyk döwrümizde H.Allanurowyň ýolbaşçylygyndaky her bir konsert biziň üçin uly baýramçylykdy. H.Allanurowyň bellemeli möhüm taraplarynyň biri-de ol jemgyýetçilik işlerinden daşary mugallymçylyk kärini hem alyp barýardy. Men Hydyr aganyň ogly ýalydym. Ol orkestre dirižýorlyk etmegiň inçe syrlaryny arman-ýadaman öwrederdi. Her bir esere tutuş durky, ýüregi bilen dirižýorlyk ederdi. Ol haýran galaýmaly, ajaýyp adamdy. Aslynda dirižýorlyk saz sungatynyň iň bir çylşyrymly hünäri. Elbetde, ilki bilen gürrüňsiz zehin bolmaly. Şonuň bilen birlikde hem orkestre dirižýorlyk edýän adamda eşidiş ukyby, ýady ýokary derejede güýçli bolmaly. Şeýle hem ähli saz gurallarynyň ýerine ýetiriliş mümkinçiliklerini bilmeli. Esasy zat bolsa, kompozitoryň eseriniň mazmunyny doly derejede aýdyň açyp görkezmeli. Bu başarnyklaryň ählisi hem Hydyr Allanurowda bardy» diýip belleýär.
Hydyr Allanurow özüniň başarnygyny we zehinini türkmen operasynyň we sazynyň ösmegine bagyşlaýar. Onuň saz sanawyndaky eserleri elliden gowrak bolup, her biri hem ýokary çeperçilik bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Ol ilkinji türkmen operalary — «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Kemine we kazy», «Abadan», «Sona» ýaly we başga-da birnäçe sahna eserlerine dirižýorlyk edip, şol operalaryň we baletleriň ritmiki nusgalaryny döretdi. Hydyr Allanurow türkmen operalaryndan we baletlerinden başga-da, «Ýewgeniý Onegin», «Garahal gyz», «Demon» diýen rus operalara-da, «Guwlar köli» ýaly ençeme baletlere-de dirižýorlyk etdi. Hydyr Allanurow bütindünýä nusgawy saz sungatyna degişli «Karmen», «Trawiata», «Raýmonda», «Sewil dellegi», «Maýsaranyň mekirligi» diýen operalarda dirižýor hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem ol azerbaýjan, özbek, gruzin, ukrain kompozitorlarynyň döreden saz eserleriniň türkmen diňleýjilerine-de täsirli ýetirilmegine uly goşant goşdy. Ol simfoniki eserlerine dirižýorlyk etmekde ussatlygyny görkezdi. Onuň ýolbaşçylyk eden orkestr topary, şeýle hem birnäçe ussat aýdymçylar bilen türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýazgy edildi we olar ýurdumyzyň altyn hazynasyna girdi.
Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň Hydyr Allanurow barada bellän ýazgylarynda şeýle diýilýär: «Maňa ençeme tanymal artistler, bagşylar, sazandalar bilen işleşmek miýesser etdi. Şolaryň biri hem Hydyr Allanurowdyr. Bu ussat sazanda bilen gaty köp wagtlap işleşdim. Onda şeýle bir uly yhlas, ukyp-başarnyk, ýiti zehin bardy. Hatda ol biz bilen işlände hem ýeke-ýeke notanyň üstünde durup geçerdi. Biz hem oňa meňzemäge çalşardyk. Işinde asla kem goýmazdy. Şoňa görä hem döredilen aýdymlar şeýle kämil çykardy. Ol şeýdip tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy».
Hydyr Allanurow diňe dirižýorlyk etmek bilen çäklenmän, örän zehinli kompozitordyr. Ol kompozitor I.Ýakuşenko bilen «Talyp» atly baletine saz ýazýar. Onuň iň şowly eserleri, elbetde, aýdymlarydyr. Onuň döreden aýdymlary örän labyzly hem ýürege ýakymlydy. Ol Magtymgulynyň we beýleki şahyrlaryň sözlerine 50-den gowrak aýdymdyr romanslary döredýär. Mundan başga-da, ol ençeme saz eserleriniň, operalaryň, baletleriň awtorydyr. Onuň sazyna döredilen «Näme sen?», «Ene hakynda aýdym», «Gördüm» ýaly aýdymlar, romanslar diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy.
Hydyr Allanurow 1993-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda aradan çykýar. Ol türkmen opera we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1977-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen belent atlara mynasyp bolýar. 2016-njy ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ussat halypamyz «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen hatyralandy.
Goý, sungat äleminde zähmet çeken ussatlarymyzy tirsegine galdyrmaga, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Jennet ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň mugallymy.
«Türkmen dünýäsi» gazeti. 09.11.2022ý.