TÜRKMEN HALK MATALLARY

Araba ýörär,

Yzy ýok.

Ýylgyn ýansa,

Közi ýok.

(Ýalyn)

 

Asmanyň küpüsi düşdi,

Küpiniň düýbün deşdi.

(Gök gürlemek, ýagyş ýagmak)

 

Asty zagara,

Üsti tagara,

Kyrk müň çiçek,

Bir gülýaka.

(Asman, Ýer, ýyldyzlar, Aý)

 

Atamyň atasy,

Mekan tutasy,

Daýymyň iberen

Ýaşyl ýakasy.

(Älemgoşar)

 

Atasy atlanýança,

Ogly bazara barar.

(Ot, tüsse)

 

Atasy egri, ogly ýorga.

(Derýa)

 

Atasy öýlenýänçä, ogly Käbä gider.

(Tüsse)

 

Aýaksyz, elsiz – surat çeker.

(Aýaz, aýazyň suwy doňduryp, dürli şekiller ýasamagy )

 

Aý bilen gelip, Gün bilen gider.

(Ýyldyzlar)

 

Aýym bar,

Aý bendim bar.

On iki heýkel,

Bir bendim bar.

(On iki aý, bir ýyl)

 

Balkan dagyň başyndan,

Balyk geçip barýa-la!

Öýken-bagry süýrenip,

Gözýaş edip barýa-la!

(Bulut, ýagyş)

 

Bar-bar aýaklym,

Barsyn aýaklym.

Ýüwürse, ýetdirmez,

Ýelken aýaklym.

(Salgym)

 

Bar, ýorgam-a, bar, ýorgam,

Gara görse, üýtgemez,

Öleň görse, ürkmez.

(Salgym)

 

Başy birdir, on iki onuň billeri,

Kerwen bilen ençe ýördüm

Üç ýüz altmyş ýollary.

Baga seýran edemde,

Gördüm elli iki gülleri,

Daýyma ýoldaş bolan

Ol dört deň-duş haýsydyr?

(Bir ýyl, on iki aý, üç ýüz altmyş gün, bir ýyldaky hepde sany, dört pasyl)

 

Başy – dagda,

Aýagy – kölde.

(Derýa)

 

Bir agajym bar,

On iki şahaly,

Her şahasy otuz ýaprakly,

Ýapraklarynyň bir ýüzi – ak,

Bir ýüzi – gara.

(Ýyl, on iki aý, otuz gün, gije-gündiz)

 

Bir atanyň on iki ogly bar,

Her ogly otuz gül götär.

Her gülüň ýapragy ýigrimi dört,

Her ýaprakda altmyş nar.

(Bir ýyl, bir aý, gije-gündiz, bir sagat)

 

Bir atasy, bir enesi,

Niçe ýüz müň balasy.

(Aý, Gün, ýyldyzlar)

 

Bir azajyk mawuja,

Degen ýeri awuja.

(Köz)

 

Bir çanak gatyk,

Äleme ýetik.

(Aý)

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR