Men edebi mirasymyza aýratyn sarpa goýýaryn. Olarda biziň geçmişimiz, taryhymyz şöhlelenýär. Türkmen halkynyň çaýa neneňsi sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýän rowaýatlar, hekaýatlar, halk döredijiliginiň dürli eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nakyllardan we atalar sözlerinden käbir mysallara ünsüňizi çekesim gelýär.
«Garaňkyny Aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer», «Külal gözi laýdadyr, çopan gözi çaýdadyr», «Çaýyň şemmesi zor, çopanyň gömmesi zor», «Çaga güler jykyr-jykyr, taňka güler lakyr-lakyr», «Zeýden suw alma, çaý bolmaz, taldan gol alma, ýaý bolmaz», «Bagşy serpaýyny magtar, çaýçy — çaýyny», «Derwüş toý gözlär, teşne çaý gözlär».
Şu ýerde halkymyzyň gadymlardan tä şu güne çenli çaý, çaýa niýetlenen suw we çaý gaplary, çaý içmek, umuman, bu dessurlar bilen bagly adalgalaryň, söz düzümleriniň, degişli ylmy maglumatlaryň käbirini ýatlasam ýerlikli bolar hem-de mähriban okyjymyň dürli çeşmeleri dörüp, maglumat gözlemek üçin sarp etjek wagtyny tygşytlaryn diýip hasap edýärin. Degişli sözlüklerde we beýleki ylmy maglumatlara baý çeşmelerde ýazylyşyna gora:
Çaý, at. 1. Çaýlar maşgalasyna degişli hemişe gök öwsüp oturan, gür şahaly, gyrymsy ösümlik. 2. Şu ösümligiň içmek üçin hyzmat edýän guradylan we ýörite işlenen ýapragy. 3. Şu ösümligiň guradylyp ýörite işlenen ýapragy atylyp demlenen ýakymly ysly içgi.
Çaý içer (içim) salym–az wagt, gysga wagt, çaý içer ýaly takmyn wagt.
Çaý jogap etmek – buşukmak.
Çaý teýi – çaý içilmezinden öň iýilýän, ýürekse edinilýän nahar.
Çaýçorba, at. Gowurmanyň, akýagyň üstüne çaý guýlup iýilýän iýmit.
Çaýçorbalyk, syp. Çaýçorba eder ýaly, çaýçorba ýararly, çaýçorba etmäge ýeterlik.
Çaý-çörek, at. 1. Nahar. 2. Ýürekselik üçin iýilýän ýeňiljek nahar.
Çaýçy, at. 1. Çaý ösümligini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan adam. 2. Çaý gaýnatmak, çaý demläp müşderilere hyzmat etmek bilen meşgullanýan adam.
Çaýçylyk, at. 1. Çaýçynyň käri, wezipesi. 2. Oba hojalygynyň çaý ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan pudagy. 3. Çaýkeşlik, çaý içmäge meýillilik, çaýy köp içmek häsiýeti.
Çaýdan, at. Gury çaý salynýan gap, çaýgap.
Çaýgap, at. Içinde atym çaý saklanýan kiçi gap.
Çaýhalta, at. Çaý salynýan kiçijik halta, ýanyňa atymlyk çaý göterilýän haltajyk.
Çaýhana, at. Köplenç, çaý içilýän we ýeňiljek garbanylýan naharhananyň bir görnüşi.
Çäýnek, at. Çaý demlenilýän gap. Ol, köplenç, daşdan, keramikadan, käbir halatlarda alýuminden, farfordan, aýnadan, demirden hem ýasalýar.
Käse, at. Çäýnekden çaý guýulýan gap. Ol hem daşdan, keramikadan, käbir halatlarda farfordan hem ýasalýar.
Hum – bir ýere göterip äkitmäge niýetlenmedik, iň uly külalçylyk önümi. Onuň agzy hem giň bolupdyr. Okara, käse, jam sokup, içindäki zatlary almak göz öňünde tutulyp ýasalypdyr. Oňa, köplenç, galla, un ýaly zatlary, käte suwuk zatlary guýup saklapdyrlar. Gum içinde, çarwa-ýazlaga çykylanda, çaý gaýnatmak üçin niýetlenen suwy saklapdyrlar.
Ybryk – kündük ornuna ulanylýan kulalçylyk önümi.
Digir – jykyrda suw çykarmak üçin, onuň çarhyna daňylýar. Beýleki küýzelerden tapawutlylykda, onuň agzy düýbüne görä inçelip gelmän, giňräk bolýar.
Golça — küýzäniň kiçijik görnüşi. Ol hojalykda az mukdardaky ýagy, duzy, toşaby guýup goýmak üçin ulanylypdyr. Gerek wagty golça suw hem guýlupdyr.
Suw küýze — golçadan, digirden ulurak, humdan kiçiräk küýze. Suw guýup götermek üçin onuň gulaklary ulurak bolupdyr.
Şeňňil — suw içmek üçin käse görnüşli, bir tarapy tutawaçly, kürüşge ornuna ulanylýan küýze. Onuň kädiden ýasalanyna şeňňil kädi diýilýär.
Kündük — suw guýmak, kä halatlarda çaý gaýnatmak üçin ulanylýan gap. Ol, köplenç, misden ýasalýar.
Taňka — çaý gaýnatmak üçin ýasalan gabyň bir görnüşi.
Tüňçe — çaý gaýnadylýan jüründiksiz, gulply gap.
Termos — içine guýlan suwuklygy bellibir temperaturada saklaýan gap.
Bu sanawy ýene-de dowam etdirip bolardy. Bu pişäni okyjynyň özüne goýmagy makul bilýärin.