GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR» ATLY KITABYNDAN

...«Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir» diýlen dana sözi «Kowusnamadan» okapdym. Islendik döwür üçinem düzgün-tertipliligiň, kanun babatda düşünjeliligiň orny aýratyndyr. Kanunlar, her bir zadyň öz ugry, düzgün-tertibi hakyndaky bilim-sowat adamyň kämilliginiň netijesinde ýaşamalydyr. Oňa medeniýetlilik, sypaýylyk, halallyk, iň esasan hem ynsaplylyk düşünjesi gursagyna pugta guýlan adamlar gowy düşünýändirler. Biziň öz nesillerimize sypaýyçylyk, köpçülikde özüňi edepli alyp barmak, ulyny sylamak, uly gürlemezlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak babatdaky berýän öwüt-ündewlerimiz ertirki gün ösen jemgyýetiň asuda durmuşynyň döredilmegine öz täsirini ýetirmelidir. Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzüminiň işgärleriniň ynsabyna ygrarlylyk, ýadamazaklyk, galjaňlyk, batyrgaýlyk ýaly häsiýetleri özünde yzygiderli terbiýelemekleri iňňän wajypdyr. Bu ugurdan işlejek gullukçylaryň juda eserdeňlik bilen seçilip alynmagy hem gerekdir.

Şu babatda men Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Işgärler müdirliginiň işine aýratyn talap bildirýärin. Olaryň işiniň özboluşly tarapy hem ýokarda aýdanlarymy berk berjaý etmek bilen bagly.

Biz Garaşsyz Türkmenistanymyzyň içeri işler edaralaryny döwletiň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ulgamyna degişli etmek bilen, jemgyýetçilik tertibini, raýatlaryň janynyň saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we hukuga garşy gelýän nogsanlyklardan, hyýanatçylyklardan goramagy üpjün etmek, şeýle hem öňüni alyş çärelerini, wagyz-nesihat işlerini geçirmek ýaly işleri olaryň borjy hökmünde kesgitledik. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň daşary ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, tejribe alyşmagy, kämilleşmegi, birek-birekden öwrenmegi, dostana gatnaşyklary ýola goýmagy üçin ähli şertleri döredýäris. Men bu ulgamyň işiniň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanmalydygyny hemişe-de nygtaýaryn. Içeri işler edaralarynyň hünärmenleri, gullukçylary, işgärleri mukaddes Kasamyna wepaly bolmalydyrlar. Olar bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň dost-doganlyga daýanýan içerki hem daşary syýasatyny gözüniň göreji deý goramalydyrlar. Sebäbi şol mukaddeslikler tutuş jemgyýetiň sagdynlygynyň, ruhubelentliginiň esasy şertidir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR