“IL AGZYBIRLIGI MAŞGALADAN BAŞLANÝAR”

Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine hem täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar.

Türkmen halkymyz maşgala bütewiligini ähli zatdan ýokary goýýar. «Maşgalam — baş galam» diýip ýöne ýere aýdanoklar. Her bir maşgala, ilki bilen, ata-enäni sylamagy, ululara we töwerege hormat goýmagy ýaşaýyş-durmuşyň düzgünnamasy hökmünde perzentleriniň gursagyna guýýar. Maşgalada we köpçülikde edep-tertibi saklamak ilimizde milli terbiýäniň ýazylmadyk kanuny hasaplanýar. Ynsanyň jemgyýetde özüni alyp barşy, kemala gelen häsiýeti gönüden-göni maşgaladan gözbaş alýar. Şonuň üçin ilimizde ýaşuly adamlar görelde mekdebi hasaplanýar. Çagalar bolsa maşgalanyň ýa-da iliň hormatyna mynasyp bolan adamlara meňzemek isleýärler. Maşgalanyň berkligi, agzybirligi ata-enä bagly. Olar çagalaryna ýaşlykdan zähmeti, ylym-bilimi, hünäri, tebigaty, gözelligi söýmegi öz görelde mekdepleri bilen öwretmeli. Her bir maşgala jemgyýetiň gülläp ösmegine badalga bolup, ýurduň üstünliklerine goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär: «Jemgyýetiň bir bölegi bolan her bir türkmen maşgalasyndaky saklanyp galan däp-dessurlar biziň döwletimiziň milli medeni gymmatlyklary bolup durýar. Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik hem-de rahatlyk jemgyýetiň agzybirliginiň girewidir. Şahsyýetiň ahlagynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň medeniýetiniň, gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagalaryny ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär». Şu maksat bilen TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölümi bilen bilelikde ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen Il agzybirligi maşgaladan başlanýar ady bilen  orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň jogapkär işgäri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR