“NEBITIM BAR, GAZYM BAR, DÜNÝÄ IÇRE ŞANYM BAR”

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz pudagynda hem görnetin ösüşler gazanylýar. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde mawy ýangyjy iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplanan oňyn tejribesini, türkmen mawy ýangyjyny dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Ine şu gün hem TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkanabat şäher Geňeşi,we TMÝG-niň “Türkmennebit” DK-niň şahamçasybilen bilelikde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Nebitim bar, gazym bar, dünýä içre şanym bar” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda Nebitçiler medeniýet köşgüniň “Dehistan” aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Welaýatymyzyň belli estrada aýdymçylarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdymlarynda bagtyýarlyk döwri, ösýän, barha gözel keşbe girýän ata Watanymyz, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşy belentden wasp edildi. Şanly baýramlaryň öň ýanynda guralan çäreler pudagyň işgärleriniň armasy bolup ýaňlandy we olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR