Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde tassyklan Düzgünnamasy esasyn-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bitaraplyk-bagtymyz»atly şygar astynda çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejeleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenbaşy etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynda geçirilen bäsleşikde körpejeler özlerini tanyş etmek, Bitarap Watanymyzy wasp edip, aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek hem-de Bitaraplyk derejämiziň bize peşgeş beren bagtyýar durmuşyny wasp edip goşgy aýtmak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan çagalara we ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.