Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde tassyklan Düzgünnamasy esasyda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk – guwanjym, Bitaraplyk – buýsanjym» atly şygar astynda etrabyň orta mekdepleriniň 8-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenbaşy etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylar öz toparlaryny çeper sözler bilen tanyş etmek, Bitaraplyk derejämiziň bize peşgeş beren bagtyýar durmuşyny wasp edip goşgy aýtmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çeper eserlerinden sahnalaşdyrylan bir bölek ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara we ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.