Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere beslenýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasy barha artdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet höküminde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet Türkmenistandyr. Şol günden bäri hem hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramçylygy uly şatlyk şowhun bilen bellenip geçilýär. Bu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzy alanymyza 27 ýyl bolýar .Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bütin Türkmen halky hem bu dabaralara işjeň gatnaşyp belleýärler. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly serdarymyzyň ýurdumyz gün saýyn ösýär gülleýär. Hormatly Prezidentimiz biz ýaşlar üçin atalyk aladalary üçin köp sag bolsunlar aýdýarys. Şeýle hem ýakyn wagtda toýy toýlanjak hemişelik Bitaraplygyň toý dabarasy mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý ýene bir ýola Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun. Arkadagly Serdarymyza şöhrat!
Gülruh NAZAROWA
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.